«Aýntraht» UEFA Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy

  • 19.05.2022 04:21
  • 13k+

«Aýntraht» nemes futbol kluby final duşuşygynda Şotlandiýanyň «Glazgo Reýnjers» klubuny ýeňip, UEFA Ýewropa ligasynyň ýeňijisi bolmagy başardy.

Duşuşyk Ispaniýanyň Sewilýa şäherinde «Roman Sançes Pishuan» stadionynda geçirildi.
Duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasap bilen tamamlandy. Oýunda hasaby «Reýnjersden» Jo Aribi 57-nji minutda açdy. 69-njy minutda «Aýntrahtdan» Rafael Borre hasaby deňledi.
Goşmaça wagtda gol geçirilmedi. Oýundan soňky 11 metrlik jerime urgularynda «Aýntraht» 5:4 hasabynda ýeňiş gazandy.
Nemes kluby taryhynda ikinji gezek bu baýragy gazandy. Öň, klub 1980-nji ýylda UEFA Kubogyny gazanypdy (2009-njy ýylda bu baýrak UEFA Ýewropa ligasy diýlip üýtgedildi). Bu ýeňşi mynasybetli «Aýntraht» taryhynda ilkinji gezek Çempionlar ligasynda çykyş etmäge hukuk gazandy.


24.07.2025 17:34
8.5k+

Ispaniýanyň futbol federasiýasy eminleriň tehniki komitetine AI boýunça bilermeni belledi. Ol “Realyň” janköýeri

Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasy (RFEF) emeli aň boýunça hünärmen Çema Alonsony eminleriň tehniki komitetiniň (CTA) AI meseleleri we innowasiýa boýunça geňeşçisi edip belledi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda habar berildi...

24.07.2025 14:21
7.6k+

Kilian Mbappe “Realda” 10-njy belgini aldy

Madridiň “Realynyň” hüjümçisi Kilian Mbappe täze möwsümde 10-njy belgi bilen çykyş eder diýip, L'Équipe habar berýär. Bu ozal bu belgini göteren horwatiýaly ýarymgoragçy Luka Modriç klubdan gidenden soň bolup geçdi...

24.07.2025 12:32
4.1k+

«Liwerpul» «Aýntrahtyň» hüjümçisi Ýugo Ekitikeni aldy

Fransiýaly hüjümçi Ýugo Ekitike resmi taýdan «Liwerpulyň» täze oýunçysy boldy. Klub 23 ýaşly futbolçyny Frankfurtuň «Aýntrahtyndan» bonuslary bilen birlikde €95 milliona satyn aldy. «Mersisaýdlaryň» habar bermegine görä, şertnama 2031-nji ýylyň iýunyna çenli niýetlenendir...

23.07.2025 15:15
6.9k+

Kamerunly Braýan Mbemo “Mançester Ýunaýtediň” oýunçysy boldy

Hüjümçi Braýan Mbemo “Brentforddan” “Mançester Ýunaýtede” geçdi. Transfer barada iňlis klubunyň resmi saýtynda habar berilýär. Kamerunly futbolçy bilen şertnama ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi bilen 2030-njy ýylyň tomsuna çenli hereket edýär...