Marsda ýaňy-ýakynda-da suw bolandygyny subut edýän alamatlar tapyldy

  • 17.05.2022 07:33
  • 23k+

Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň alymlar topary Kopengagen uniwersitetindäki kärdeşleri bilen bilelikde Marsda suwuň, öňem pikir edilişi ýaly, ýaňy-ýakynda-da bolandygyna subutnama tapdylar. Barlaglaryň netijeleri Science Advances žurnalynda beýan edildi diýip, Trend habar berýär.

Marsda golaýda suwuň bolandygy babatyndaky çaklamalar Zhurong hytaý roweriniň gidrantlaşan minerallaryndaky buzlaryň düzüminiň barlagyna esaslanýar.  Ozalky geçirilen barlaglar üç milliard ýyl mundan öň Marsyň üstüniň bir bölegini suwuň tutandygyny görkezýär. Hünärmenler Marsyň üstündäki gaýalardan tapylan nusga bilen Ýerdäki daşlary deňeşdirip görüpdirler. Görlüp oturylsa, olaryň käbiri gidrantlaşan minerallar (düzüminde suw bar) bolup çykdy.
Alymlaryň pikirine görä, Marsdaky suw onuň üstündäki şeýle minerallar arkaly öň pikir edilişinden has uzak saklanypdyr.
Mundan hem başga, olar şeýle jynslaryň bolmagy toprak buzunyň bardygyny hem aňladyp, ony astronawtlar dürli maksatlar üçin peýdalanyp bilerler diýip aýdýarlar.


13.06.2026 16:56
2k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.6k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.8k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
6k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....