Serdar Berdimuhamedow gazagystanly kärdeşini doglan güni bilen gutlady

  • 17.05.2022 07:28
  • 6k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden  gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Häzirki wagtda Siziň ýolbaşçylygyňyzda Gazagystan Respublikasynyň döwlet özygtyýarlylygynyň berkidilmegine, ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmaga hem-de halkyň abadançylyk derejesiniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar” diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda nygtady.

Hormatly Prezident ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk  gatnaşyklarynyň, strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, halklarymyzyň dost-doganlygynyň pugtalandyrylmagyna Gazagystanyň Lideriniň uly üns we goldaw berýändigini aýratyn belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine geljekde-de yzygiderli berkidiljekdigine ynam bildirdi.
Ýeri gelende bellesek, Kasym-Žomart Tokaýew 1953-nji ýylyň 17-nji maýynda Gazagystanyň häzirki Almaty şäherinde doguldy. 1975-nji ýylda Moskwanyň döwlet Halkara gatnaşyklary institutyny tamamlady. 1992-nji ýylda bolsa Russiýa Federasiýasynyň Diplomatiýa akademiýasyny tamamlady. 2019-njy ýylyň 9-njy iýunynda geçirilen nobatdan daşary Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, 12-nji iýunda resmi ýagdaýda Gazagystanyň döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


düýn 11:22
3.5k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

düýn 10:10
2.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.5k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......