Serdar Berdimuhamedow BAE-niň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

  • 14.05.2022 08:36
  • 19k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Mohammed bin Raşid Al Maktuma, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatlaryny iberdi.

“Görnükli döwlet Baştutany bolmak bilen, Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýan Birleşen Arap Emirlikleriniň ynamly öňe gitmegine, şol bir wagtyň özünde hem dünýäniň ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen oňyn we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine saldamly goşandyny goşdy” diýip, Prezident belledi.
“Goý, Gudraty Güýçli Allatagala şu agyr pursatda ruhy durnuklylyk we sabyrlylyk bersin!” diýip, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow dileg etdi hem-de merhumyň ýakynlaryna ýene-de bir gezek gynanjyny bildirmek bilen, ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

TmCars.info-nyň habar berşi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Prezidenti Halifa ben Zaid Al Nahaýýan 73 ýaşynda aradan çykdyÝurtda matam yglan edildi. Beýanata görä, ol 40 gün dowam eder. Bu döwürde döwlet baýdaklary aşak düşüriler. Ähli ministrlikler, döwlet edaralary we hususy toplumyň kärhanalary üç günlük işini bes edýär.


düýn 11:17
7.1k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....

20.05.2026 11:29
6.8k+

Dubaýda diňe zenanlara niýetlenen gije-gündizlik ilkinji kenar açyldy

Dubaýda diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen, gije-gündiz işleýän we gije suwa düşmäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji hususy kenarýaka açyldy....

18.05.2026 11:22
7.9k+

20 müň tomaşaça niýetlenen: Abu Dabi ilkinji bolup ABŞ-nyň çäginden daşarda sfera binasyny gurýar

Abu Dabide ABŞ-nyň çäginden daşardaky ilkinji sfera binasy – «Sphere Abu Dhabi» atly täsin we doly derejeli göwün açyş toplumynyň gurluşygy yglan edildi....

01.05.2026 23:23
3.4k+

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......