BAE-niň Prezidenti Halifa ben Zaid Al Nahaýýan 73 ýaşynda aradan çykdy

  • 13.05.2022 17:20
  • 21k+

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Prezidenti Halifa ben Zaid Al Nahaýýan 73 ýaşynda aradan çykdy.

Bu barada anna güni WAM habarlar agentligi habar berdi.

"Prezidentiň işleri boýunça ministrlik BAE-niň halkyna, arap we yslam milletlerine hem-de tutuş dünýä şu gün, 13-nji maýda milletiň lideriniň, onuň howandarynyň, Onuň Alyhezretleri şeýh Halifa ben Zaid Al Nahaýýanyň aradan çykandygyny habar berýär" - diýlip habarda aýdylýar.

Ýurtda matam yglan edildi. Beýanata görä, ol 40 gün dowam eder. Bu döwürde döwlet baýdaklary aşak düşüriler. Ähli ministrlikler, döwlet edaralary we hususy toplumyň kärhanalary üç günlük işini bes edýär.


02.11.2025 20:59
2.1k+

Türkmenistan ADIPEC 2025 sergisinde energetika boýunça garaýyşlaryny hödürlär

Türkmenistanyň wekiliýeti Abu-Dabide geçiriljek dünýäniň iň iri energetika sergileriniň biri bolan ADIPEC 2025-e gatnaşar. Bu ýyl forum 3–6-njy noýabr aralygynda «Energiýa. Aň. Täsir» şygary astynda geçirilýär...

24.10.2025 09:55
2.2k+

Türkmenistanyň täze ilçisi BAE-niň Daşary işler ministrliginde ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki täze bellenen ilçisi Baýram Baýramow BAE-niň daşary işler ministriniň orunbasary Omar Obaid Alheýsan Alşamsä ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmenistanyň DIM...

23.10.2025 10:30
4.2k+

Serdar Berdimuhamedow «ENOC» we «Dragon Oil» kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

22-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Emirates National Oil Company (ENOC)» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalarynyň başlygy Said Al Taýeri, şeýle hem «Dragon Oil» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdulkarim Al Maazmini kabul etdi...

14.10.2025 21:26
2.4k+

Şarja şäherinde Türkmenistan-BAE ikinji işewürlik forumy geçirildi

2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Şarja şäheriniň Söwda-senagat edarasynyň (SCCI) binasynda geçirilen Türkmenistan-BAE ikinji işewürlik forumyna gatnaşdy...