Toyota üpjünçiligindäki bökdençlik zerarly 8 zawodynda önümçiligi bölekleýin togtadar

  • 11.05.2022 19:53
  • 24k+

Ýaponiýanyň iň iri awtokonserni bolan Toyota Motor maý aýynyň ortalarynda ýurtdaky sekiz zawodynda önümçilik ugurlarynyň bir bölegini wagtlaýyn togtadar. Bu barada kompaniýanyň beýannamasyna salgylanýan TASS ýazýar.

Önümçilik 14 konweýerde maýyň 16-syndan başlap, aňry gitse 22-ne çenli aralykda togtadylar. Bu ýagdaý Hytaýdan şaýlaryň gelişinde ýüze çykýan bökdençlikler bilen baglydyr. Häzir ol ýerde koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly birtopar çäklendirmeler girizildi.
Ýarymgeçirijileriň ýetmezçiligi bilen bagly önümçilige girizilen düzedişleri nazara almak bilen, şu aýda Ýaponiýada we daşary ýurtlarda goýberilen Toyota Motor awtoulaglarynyň sany 700 müň töweregi boldy, bu bolsa meýilnamada göz öňüne tutulandan 130 müň ulag azdyr.
Geçen ýyl ýapon konserni 10 495 548 awtoulag satdy. Bu dünýäde iň ýokary görkeziji boldy. Awtoulaglaryň önümçiligi, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 9,4% artdy we 10 076 246-ä ýetdi.


16.06.2026 09:57
5.7k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......