ФИФА подтвердила переигровку матча отбора ЧМ Бразилия — Аргентина

  • 11.05.2022 12:48
  • 18k+

FIFA-nyň apellýasiýa komiteti Argentina bilen Braziliýanyň ýygyndylarynyň arasynda 2022-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň oýnuny täzeden oýnamak baradaky karary tassyklady. Geçen sentýabrda bu oýun başlanan dessine arasy üzülipdi. Bu barada FIFA-nyň saýtynda habar berilýär.  

Şeýle-de, oýnuň ýatyrylmagy bilen baglanyşykly assosiasiýalaryň ikisine-de 50 müň şweýsar franky (50 müň dollar) möçberinde salnan jerime öz güýjünde galar diýip, komitet karar etdi.
Mundanam başga, Braziliýanyň futbol konfederasiýasyna tertip-düzgün we howpsuzlyk bilen bagly düzgün bozulmalar üçin salnan jerimäni 250 müň dollara (öň 540 müň dollar) çenli, Argentinanyň futbol assosiasiasyna bolsa, tertip-düzgün we howpsuzlyk, oýna taýýarlyk görmek we gatnaşmak babatynda borçlaryny berjaý etmek bilen bagly düzgün bozulmalar üçin salnan jerimäni 100 müň dollara (öň 216 müň dollar) çenli azaltmak kararyna gelindi.
Täzeden geçiriljek oýnuň senesi biraz soň habar berler.
5-nji sentýabrda Braziliýanyň San-Paulu şäherinde geçen Braziliýa-Argentina oýny ilkinji minutlarynda kowide garşy düzgünleri bozan dört sany argentinaly oýunçyny saklajak bolýan Sanitar gözegçilik boýunça milli agentligiň (Anvisa) işgärleriniň we polisiýanyň meýdança ylgap çykmagy netijesinde bes edilipdi. FIFA-nyň tertip-düzgün boýunça komiteti fewral aýynda oýny täzeden geçirmek hakynda karara geldi.
Toparlar 2022-nji ýylda Katarda geçjek dünýä çempionatyna seçilip alyndy.


вчера 20:28
5.5k+

46-летний Роналдиньо возобновляет игровую карьеру в Италии

Знаменитый бразильский футболист и обладатель «Золотого мяча» Роналдиньо подпишет контракт с итальянским клубом «Равенна», выступающим в Серии С – третьем по значимости дивизионе итальянского футбола. Об этом......

вчера 14:48
8.2k+

Драмы на ЧМ-2026: судейская травма в матче США, вылет сборной Турции и разгром от Бразилии

Групповой этап чемпионата мира 2026 года продолжает преподносить сюрпризы и дарить драматичные сюжеты. В очередной игровой день определились первые команды, которые потеряли все шансы на продолжение борьбы....

19.06.2026 17:01
8.1k+

Не сговор, а прогноз и физика: зачем мировые бренды обули сборные ЧМ-2026 в розовое

На чемпионате мира по футболу 2026 года игроки самых разных сборных массово выходят на поле в розовой обуви. Это не случайность и не тайное соглашение между спортсменами, а скоординированный шаг крупнейших......

19.06.2026 14:17
7k+

Начался 2-й тур ЧМ-2026: Мексика в плей-офф, Канада забила 6 голов Катару

Начался второй тур группового этапа чемпионата мира по футболу 2026 года, который принимают Мексика, Канада и США. Сейчас дела для хозяев турнира идут исключительно хорошо....