Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen üstaşyr ulag taslamalaryny maslahatlaşdy

  • 11.05.2022 12:41
  • 13k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowyň arasynda 10-njy maýda geçirilen duşuşykda söwda-ykdysady we ýangyç-energetika, ulag, telekommunikasiýalar ulgamlarynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, işewür toparlaryň wekilleriniň yzygiderli duşuşyklary, geçirilýän bilelikdäki giň möçberli forumlara gatnaşmagynyň türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam edýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň telekeçileriniň işewür gatnaşyklaryny ösdürmek üçin netijeli ykdysady, maliýe we hukuk şertlerini üpjün etmegiň, bilelikdäki işewür forumlary guramagyň zerurdygy nygtaldy.

Ýükleri daşamagyň amatly ýerüsti we deňiz ýollaryny üpjün edýän yklymara ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde tagallalary netijeli utgaşdyrmak üçin amatly şertleri döredýän iki goňşy döwletiň çäk taýdan amatly ýerleşmeginden peýdalanmak meselelerine duşuşykda aýratyn üns berildi. 

Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýada ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmegiň we onuň halkara ulag ulgamyna netijeli goşulyşmagynyň geljegi barada aýdyp, täze ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin iki döwletiň kuwwatyndan giňden peýdalanmak bilen, bilelikdäki çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Biziň ýurtlarymyzyň özleriniň döwrebap düzümini ulanmak bilen, dürli döwletlere üstaşyr hyzmatlary hödürleýändigi nygtaldy. Munuň özi sebitara we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň milli ykdysadyýetleri üçin strategik häsiýete eýe bolan energetika ulgamynda gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi.


şu gün 19:38
1.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
792

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

şu gün 11:05
3.2k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 20:55
2.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......