Serdar Berdimuhamedow Ahalyň täze merkeziniň gurluşygyny möhletinde tamamlamagy tabşyrdy

  • 29.04.2022 05:30
  • 22k+

28-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrmagyň çäklerinde bu ýerde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, aýry-aýry ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirilen mejlisde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna, resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Wise-premýer Ç.Purçekow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Gurluşygyň Baş meýilnamasyna laýyklykda, welaýat merkezinde köp sanly binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň we ýollaryň gurluşygy göz öňünde tutuldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeleriň hiline we gurluşyklaryň möhletleriniň berjaý edilmeýändigine nägilelik bildirip, gurluşygyň depginlerini güýçlendirmegi we olary bellenen möhletlerde ulanmaga tabşyrmagy wise-premýerden berk talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowyň hasabatynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda bu ýerde köp sanly binalaryň we desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Olaryň hatarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmasy esasynda gurulýan welaýat söwda toplumynyň binasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň 132-si, söwda-dynç alyş merkezi, myhmanhanalar, şeýle hem Ahal welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy esasynda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň 59-sy bar.

Şeýle-de merkeziň gurluşygynyň birinji tapgyrynda edara ediş binalarynyň 6-synyň, şol sanda maliýe-ykdysadyýet toplumynyň, Merkezi bankyň, “Daýhanbank”, “Türkmenistan”, “Halkbank”, “Senagat” täjirçilik banklarynyň welaýat şahamçalarynyň gurluşyklary dowam edýär. Hersi 320 orunlyk çagalar baglarynyň 10-synyň hem gurluşygy alnyp barylýar.

Bu ýerde medeniýet ulgamyna degişli iki sany ýedi gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk-gurnama işleri, şeýle-de medeniýet toplumynyň edara binasynda, şeýle hem kitaphanada häzirki wagtda tehniki işler alnyp barylýar. Drama teatrynda gurluşyk-gurnama işleri dowam edýär. Ahal welaýat muzeýinde gymmatlyklaryň sergi bölümleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy bilen baglanyşykly degişli işler alnyp barylýar. Gurulýan Çagalar sungat mekdebinde, Ýörite sungat mekdebinde timarlaýyş we inženerçilik ulgamlarynyň gurnama işleri ýerine ýetirilýär. Ahal atçylyk sirkinde enjamlary ornaşdyrmak işleri dowam edýär.

Mejlisiň dowamynda täze şäherde oba hojalyk toplumyna, harby we hukuk goraýjy edaralara degişli binalarda alnyp barylýan işler barada-da degişli hasabatlar diňlenildi.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......