Huawei ABŞ-nyň sanksiýalaryndan baş alyp çykmagyň usulyny tapdy

  • 28.04.2022 11:19
  • 9.2k+

Hytaýyň gajetleri öndüriji kompaniýasy Huawei 5G bilen baglanyşykly smartfonlary çykarmagy we olara Google serwislerini gurnamagy gadagan edýän amerikan sanksiýalaryndan baş alyp çykmagyň usulyny tapdy. 

Indi kompaniýa Hi Nova brendi bilen smart-enjamlary çykarýar. Ol 2021-nji ýylda işe girizildi we resminamalar boýunça HHR-iň döwlet poçta kompaniýasy China Post-a degişli. Poçta tarapyndan çykarylýan smartfonlar Huawei-niň gajetlerine meňzeýär. Bu iki gurama heniz 2019-njy ýylda hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi.

Şeýlelikde, Huawei gurluşlary işläp taýýarlamak we öndürmek bilen meşgullanýar, Hytaýyň Poçtasy bolsa öz brendini kärhana berip, toplumy düzüjileri satyn alýar. Sebäbi Huawei üçin olara elýeterlilik ýok. Şeýlelik bilen, öndürijä täze smartfonlaryny kämilleşdirmek üçin zerur komponentleri almak başartdy. Hususan-da, bu bäşinji nesil aragatnaşygyny göterýän bir kristally ulgamlardyr. Mundan başga-da, indi telefonlara Android-iň soňky wersiýasyny hem-de Google Play ýaly Google serwislerini gurnamak bolýar.

Häzirki wagtda Hi Nova brendi bilen gajetler diňe hytaýly alyjylar üçin elýeterlidir. Ýöne analitikler ýakyn wagtda gurluşlaryň assortimenti ulalar we HHR-iň çäginden daşary aňsatlyk bilen çykar diýip hasaplaýarlar.


12.06.2026 23:59
1.7k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....