Ford üç gapyly Fiesta hetçbeginiň önümçiligini bes edýär

Ford üç gapyly Fiesta hetçbeginiň önümçiligini bes edýär

Ford amerikan konserni üç gapyly Fiesta awtomobiliniň hem-de Fiesta-nyň esasyndaky täjirçilik furgonynyň önümçiligini bes edýär. Bu barada Britaniýanyň AutoExpress awtomobil žurnaly habar berýär.

“Ford müşderilere zerur bolan ýörite paketlere, seriýalara we funksiýalara üns bermek we az isleg bildirilýänlerden ýüz öwürmek bilen, Fiesta model hataryny ýatyrýar. Ýöne Fiesta ST-Line, ST, Active, Titanium we Trend wersiýalarynda hödürlener” – diýip, AutoExpress Ford-yň Ýewropadaky bölümçesiniň teswirini getirýär. 

Neşiriň habar bermegine görä, Ford resmi saýtlarynda özüniň praýs-listinden üç gapyly wersiýalary eýýäm aýyrdy. Üç gapyly Fiesta üçin bar bolan müşderi sargytlary ýerine ýetiriler. Kýoln şäherindäki zawodda Fiesta-nyň önümçiligi şu tomus tamamlanmaly.
Motor1.com neşiri Fiesta modeli üçin islegiň şu ýylyň ilkinji aýlarynda ep-esli azalandygyny belleýär: geçen ýylyň degişli döwründäki 19 müň 844 awtoulag bilen deňeşdirilende, bary-ýogy 7 müň 608 awtoulag satyldy. Beýleki awtoöndürijiler ýaly Ford hem toplumy düzüjileriň ýetmezçiligi hem-de logistika zynjyrlarynyň bozulmagy sebäpli kynçylyk çekýär.
Mart aýynda awtoöndüriji Ukrainadan we beýleki ýurtlardan ätiýaçlyk şaýlarynyň ýetmezçiligi sebäpli özüniň Ýewropadaky zawodlarynyň işini togtatdy. Şol sanda Fiesta-ny öndürýän Kýolndaky kärhana hem işlemän durmaly boldy.