Android Police portaly ýylyň iň gowy smartfonlaryny aýtdy

  • 26.04.2022 15:33
  • 10k+

Android Police portalynyň wersiýasyna görä 2022-nji ýylyň iň gowy smartfonlary adyny Samsung bilen Google-iň gajetleri paýlaşdy. Birinji orny Galaxy S22 Ultra eýeledi. Bu barada Gazeta.ru salgylanyp, Day.Az habar berýär. 

Bellenilişi ýaly, bu flagman bazarda iň gowy displeýe, ýokary hilli materiallara we gurnamalara eýe boldy. Onuň ýene bir artykmaçlygy, S Pen stilusynyň bolmagydyr. Ýöne Galaxy S22 Ultra-nyň kemçilikleri-de bar. Mysal üçin, korpusynyň uludygy sebäpli smartfony ulanmak oňaýsyz bolýar. Mundan başga-da, onuň zarýad beriji gurluşy ýok we bahasy hem ýokary.

Ikinji orunda Google Pixel 6 ýerleşdi. Portalyň pikiriçe, smartfon gurluşyň kamerasyndan alynýan suratlaryň hiliniň gowudygy, ýokary öndürijilik, Android 12-ä esaslanýan Material You operasion sistemasy we öndüriji tarapyndan bäş ýyllyk goldaw bilen öwnüp bilýär. Smartfona teleobýektiwiň ýetmeýändigi, kameralaryň bolsa käwagt yşyk tutup bilýändigi bellenilýär. Şeýle-de, smartfonyň barmak yzyny skanerleýjisi işleýiş tizligi boýunça bäsdeşlerinden yza galýar. 

Reýtingde üçünji orny Samsung Galaxy Z Fold3 eýeledi. Eplenýän gajetiň artykmaçlyklarynyň arasynda formfaktory, ýokary öndürijilik, iki tarapdan hem ýokary hilli displeýler we öndüriji tarapyndan 2025-nji ýyla çenli programma üpjünçiliginiň täzelenmesi bellenilýär. Onuň kem tarapyna ekranasty frontal kamera, awtonom işiň ortaça wagty we ýokary baha degişli.

Google-iň ortaça bahaly smartfony Pixel 5a dördünji orunda ýerleşdi. Hünärmenler onuň awtonom iş wagtyny, baha-hil gatnaşygynda kameralardan alynýan suratlary, IP67 standarty boýunça suwdan goraglylygyň bolmagyny we 2024-nji ýyla çenli täzelenmeleri göterýändigini aýratynlandyrdylar. Kemçilikleriniň arasynda geçen ýylky Pixel 4a bilen deňeşdirilende göwrüminiň ulalmagy we ýakyn wagtda köneljek Snapdragon 765G çipseti bar. Şeýle-de, suratyň 60 Gs täzelenme ýygylygy bilen hili pes bolan displeý we gurluşyň elýeterliliginiň çäkli bolmagy onuň kem tarapyna degişli edilýär.

Sanawda bäşinji orny Samsung Galaxy Z Flip3 eýeledi. Bu eplenýän smartfon "adaty" flagman bahasy we ýokary hilli gurnama bilen tapawutlanýar. Hünärmenler onuň jübä kynçylyksyz ýerleşmäge mümkinçilik berýän formfaktoryny hem goldaýarlar. Smartfonyň kem tarapyna awtonom iş wagtynyň gowşaklygy, bäsdeşlige ukypsyz kameralar we bary-ýogy 15 Wt bolan zarýad berişiň tizligi degişlidir.


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

07.04.2026 10:40
1.9k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.6k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....