Ýaponiýada Ýer ýüzüniň iň garry ýaşaýjysy 119 ýaşynda aradan çykdy

  • 25.04.2022 15:03
  • 18k+

Ginnesiň rekordlar kitabynyň wersiýasyna görä Ýer ýüzüniň iň garry ýaşaýjysy hasaplanýan, dünýädäki iň garry aýal ýaponiýaly Kane Tanaka ömrüniň 120-nji ýylynda aradan çykdy. Bu barada NHK teleýaýlymy habar berýär.

Şu ýylyň 2-nji ýanwarynda Tanaka özüniň 119 ýaşyny belledi. Ol Fukuoka prefekturasyndaky garrylar öýünde ýaşaýardy we kowide garşy çäklendirmeler sebäpli onuň ýakynlary bilen duşuşmaga-da mümkinçiligi ýokdy.
Tanaka 1903-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda dünýä indi. Onuň adamsy we uly ogly Ikinji jahan urşy döwründe aradan çykýar. Tanaka bütin ömrüni uruşdan öň açylan tüwi kökelerini satýan dükanda işläp geçirdi. Ol 1970-nji ýyllarda pensiýa çykandan soň birnäçe gezek ABŞ-a gitdi.
2005-nji ýyldan Tanaka Fukuokadaky garrylar öýünde ýaşap başlady. 103 ýaşynda ondan rak keseliniň çişi aýryldy, şondan soň beýleki agyr keseller ony biynjalyk edipdi. 


düýn 09:29
3.2k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

22.06.2026 23:12
4.2k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

18.06.2026 22:32
4.7k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 22:13
5.4k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....