Boks boýunça dünýä çempiony Fýuri karýerasynyň soňky duşuşygynda ýeňiş gazandy

  • 24.04.2022 14:32
  • 13k+

Britaniýaly Taýson Fýuri watançaşy Dillian Uaýtdan üstün çykyp, Bütindünýä boks geňeşi (WBC) boýunça agyr agramda dünýäniň çempiony adyny gorap saklamagy başardy.

Şenbe güni Londonda «Uemblide» geçirilen duşuşyk altynjy raundda Fýuriniň nokaut etmegi bilen tamamlandy. Bu ýeňşi üçin ol karýerasynda rekord baýragy — 33 mln dollar gazandy.
Öň, Fýuri bu duşuşygyň karýerasynda iň soňky boljakdygyny yglan edipdi.
33 ýaşly Fýuri professional ringde 33 duşuşykda 32 ýeňiş gazandy (23-si nokaut bilen). 2018-nji ýylda Deonteý Uaýlder bilen geçirilen duşuşyk deňme-deňlikde tamamlandy.


15.06.2026 15:36
3.2k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....