Boks boýunça dünýä çempiony Fýuri karýerasynyň soňky duşuşygynda ýeňiş gazandy

  • 24.04.2022 14:32
  • 13k+

Britaniýaly Taýson Fýuri watançaşy Dillian Uaýtdan üstün çykyp, Bütindünýä boks geňeşi (WBC) boýunça agyr agramda dünýäniň çempiony adyny gorap saklamagy başardy.

Şenbe güni Londonda «Uemblide» geçirilen duşuşyk altynjy raundda Fýuriniň nokaut etmegi bilen tamamlandy. Bu ýeňşi üçin ol karýerasynda rekord baýragy — 33 mln dollar gazandy.
Öň, Fýuri bu duşuşygyň karýerasynda iň soňky boljakdygyny yglan edipdi.
33 ýaşly Fýuri professional ringde 33 duşuşykda 32 ýeňiş gazandy (23-si nokaut bilen). 2018-nji ýylda Deonteý Uaýlder bilen geçirilen duşuşyk deňme-deňlikde tamamlandy.


10.03.2026 18:35
4.2k+

Tim Szýu Awstraliýadaky ýaryşda ýeňilmezek Denis Nurja bilen urşar

5-nji aprelde Awstraliýanyň Wullongong şäherinde boks agşamy geçiriler. Onuň esasy duşuşygynda birinji orta agramda öňki dünýä çempiony, awstraliýaly Tim Szýu bilen ýeňilmedik alban boksçysy Denis Nurja duşuşar...

01.03.2026 11:00
7.2k+

Aleksandr Usik Müsür piramidalarynyň ýanynda «kikboksyň şasyna» garşy urşar

Ukrain boksçysy Aleksandr Usik 2026-njy ýylyň ýazynda nederlandly Riko Werhuwene garşy uly söweş geçirer diýip, Ring žurnaly habar berýär. Resmi taýdan "Glory in Giza" diýlip atlandyrylan söweşi 23-nji maýda geçirmek meýilleşdirilýär...

26.02.2026 09:40
6.3k+

Ýeňilmezekleriň söweşi: Naoýa «Monstr» Inoue we Dzýunto Nakatani absolýut çempionlyk ugrunda duşuşarlar

Boks äleminiň iň garaşylýan duşuşyklarynyň biri tassyklandy: ýaponiýaly meşhur boksçylar Naoýa «Monstr» Inoue we Dzýunto Nakatani ikinji iň ýeňil agram derejesinde dünýäniň absolýut çempiony diýen at ugrunda ringe çykarlar...

24.02.2026 17:59
5.6k+

Floýd Meýwezer we Menni Pakýao şu güýzde rewanş duşuşygyny geçirer

Floýd Meýwezer we Menni Pakýao 2026-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda ikinji gezek duşuşar. Söweş Las-Wegasdaky Sphere arenasynda geçiriler, Netflix striming hyzmaty bolsa söweşi göni ýaýlymda görkezer. Habar berlişine görä, bu tutluşyk soňky ýyllarda iki boksçynyň gatnaşan görkezme söweşlerinden tapawutlylykda, professional boks duşuşygy bolar...