“Möý adam: Öýe ýol ýok” filminiň muşdagy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

“Möý adam: Öýe ýol ýok” filminiň muşdagy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Florida ştatynyň amerikaly ýaşaýjysy kinoteatrlarda şol bir kinony baryp görmegiň sany boýunça rekord eýesi boldy. Ramiro Alanis Marvel komiksleriniň “Möý adam: Öýe ýol ýok” filminiň ekranlaşdyrylmagyna 292 gezek gitdi.

Ginnesiň rekordlar kitabyndan filmiň hronometražyny hem göz öňünde tutanyňda muşdagyň kinozalda 30 gün töweregi bolandygy gelip çykýar. Bellenilişi ýaly, mundan öň ol komiksleriň esasynda “Ar alyjylar 4: Final” kinolentasyna tomaşa etmek boýunça rekord eýesidi. Şonda Alanis bu filmi görmäge 191 gezek gitdi. Ýöne geçen ýyl Arno Klýaýn “Kamelot: Patyşanyň gaýdyp gelmegi” filmini 204 gezek görüp, bu rekordy täzeledi.

Bu hem Ramironyň täze rekord üçin kinoteatrlara gitmegine itergi berdi. Ol sosial ulgamlardaky resmi sahypalarynda kinostudiýa we filme gatnaşyjylara “geçirilen ajaýyp wagt üçin” minnetdarlyk bildirdi.

Ýatlap geçsek, “Möý adam 3” diňe bir koronawirus pandemiýasy döwrüniň iň girdejili kinolentasy bolman, eýsem iň şowly filmleriň biri boldy. Onuň umumy girdeji ýygymy, takmynan, 1,9 mlrd dollar boldy. Şol bir wagtyň özünde film Hytaý ýaly möhüm bazarda çykmady.

Baş keşbi ýerine ýetiriji Tom Holland iň bolmanda ýene bir gezek Möý adamyň keşbine dolanmagy meýilleşdirýär.