Daniýalylar agaçdan dünýäniň iň beýik binasyny gurarlar

Daniýalylar agaçdan dünýäniň iň beýik binasyny gurarlar

Schmidt Hammer Lassen firmasynyň daniýaly arhitektorlary Şweýsariýanyň Wintertur şäherinde ýaşaýyş jaýy üçin taslamany görkezdiler. Gurluşyk tamamlanandan soň ol agaçdan göteriji konstruksiýaly dünýäniň iň beýik binasy bolar.

Rocket&Tigerli diýlip atlandyrylan bu toplumy wagon gurluşyk zawodynyň ýerleşen öňki senagat meýdançasynda gurmak meýilleşdirilýär. Ol dürli beýiklikdäki dört bölekden ybarat bolup, olaryň biriniň beýikligi 100 metre ýeter. Gurluşygy 2026-njy ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. Toplumda ýaşaýyş jaýlary, talyplar üçin umumy ýaşaýyş jaýy, restoran we söwda meýdançalary ýerleşdiriler. Binalaryň ýüz tarapy terrakota kerpiçleri we plitalary bilen örtüler.
Firma bu taslamany Şweýsariýanyň Cometti Truffer Hodel binagärlik studiýasy bilen bilelikde işläp düzdi. Göteriji konstruksiýanyň işlenip düzülmegine Implenia gurluşyk kompaniýasy we Şweýsariýadaky Sýurihiň ýokary tehniki mekdebi jogap berdi. Binalaryň dizaýny töweregindäki binalara gabat getiriler.