Wladimir Putiniň 2021-nji ýylda näçe gazanandygy belli boldy

  • 16.04.2022 15:57
  • 46k+

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 2021-nji ýylda girdejisiniň 10,2 mln rubl bolandygyny mälim etdi. Degişli resminama 15-nji aprelde Kremliň saýtynda çap edildi.

Putiniň deklarasiýasynda, edil öňküsi ýaly, meýdany 77 kw.m bolan öý we ulagjaý, meýdany 18 kw.m bolan ulagjaýyly 153,7 kw.m meýdanly ýene-de bir öý hasapda dur. Sanawa girizilen ulaglary: ГАЗ М21 we "Skif" tirkegli "Niwa". 
Geçen ýylyň 16-njy aprelinde döwlet baştutanynyň girdejileri hakynda çap edilen deklarasiýa görä, 2020-nji ýylda Putin 9,994 mln rubl gazanypdyr.
2019-njy ýylda Putin 9,726 mln rubl gazanypdyr, onuň öňüsyrasyndaky ýylda, ýagny 2018-nji ýylda bolsa Russiýanyň ýurt baştutanynyň girdejisi 8,648 mln rubldan ybarat bolupdyr. 
2017-nji ýylda prezidentiň girdejisi 18,7 mln rubl bolupdyr. Girdeji 1,5 müň kw.m ýer böleginiň satylmagynyň hasabyna köpelipdir. 2015-nji we 2016-njy ýyllarda döwlet baştutany 8,9 mln rubl, 2014-nji ýylda bolsa 7,654 mln girdeji alypdyr. 


09.04.2026 19:49
8.5k+

Russiýanyň ilçisi Putiniň we Mişustiniň Türkmenistana amala aşyrjak saparlary barada habar berdi

2026-njy ýylda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan»......

13.02.2026 15:31
4.9k+

Raşid Meredow we Sergeý Lawrow telefon arkaly bilelikdäki çäreleriň tertibini ylalaşdy

12-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi...

30.01.2026 18:11
1.5k+

Aşgabatda türkmen-rus syýasy geňeşmeleri geçirildi

29-njy ýanwarda Aşgabatda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-rus syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi. Gepleşiklere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow we onuň russiýaly kärdeşi Mihail Galuzin gatnaşdy...

30.01.2026 18:06
1.3k+

Türkmenistanyň DIM-inde Russiýa bilen strategik hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuzin bilen duşuşygy boldy. Taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklady...