Şu gün Türkmenbaşyda ulag-kommunikasiýa işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlarynyň düýbi tutulýar

  • 15.04.2022 07:17
  • 10k+

Şu gün Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag-kommunikasiýa pudagynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçiriler. Oňa görlen taýýarlyk barada Hökümetiň 14-nji apreldäki göçme mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, ýokary amatlykly 60 öýli, 4 gatly jaýlaryň 5-siniň düýbüni tutmagy guramak boýunça teklipler işlenip taýýarlanyldy, olar döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, degişli düzümleri bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny ösdürmek baradaky taslamalaryň amala aşyrylmagyna bildirilýän möhüm talapdygyny nygtady. «Ilatyň durmuş derejesiniň gowulandyrylmagynyň bu sebiti innowasion ösüş ýoluna çykarmakda uly itergi bolup durýandygy möhümdir» diýip, hormatly Prezident ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.


11.05.2026 22:59
1.2k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 09:18
13k+

Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi......