«Made in India»: Hindistanda iPhone 13 öndürilip başlandy

  • 12.04.2022 11:09
  • 14k+

Foxconn kompaniýasy Apple kompaniýasy üçin Hindistanyň Çennai şäherinde ýerleşýän zawodynda soňky nesliň iPhone smartfonynyň önümçiligine başlady. Ýöne ýurtda Pro-wersiýalary henizem öndürilmeýär.

Belli bolşy ýaly, şol zawodda iPhone 11 we iPhone 12 hem çykarylýar. Şeýle-de, iPhone SE we iPhone 12 Hindistandaky ýene bir zawodda – Wistron kompaniýasynyň kärhanasynda ýygnalýar. Taryhda ilkinji gezek Hindistanda iPhone 13-iň satuwy ABŞ-da we beýleki uly ýurtlarda satuwyň başlanmagy bilen bir wagtda başlandy. 

Hindistan üçin täze iPhone modeliniň önümçiligi ilki bilen önümçiligiň çykdajylarynyň az bolmagynyň we import ýygymlarynyň köp tygşytlanmagynyň hasabyna bahalaryň pes bolmagyny aňladyp biler. Ýakynda Apple ýurtda import tölegleriniň ýokarlanmagy sebäpli AirPods, AirPods Pro we AirPods Max üçin bahalary ýokarlandyrdy. Şeýle-de bolsa, modeliň Hindistanda çykarylyp başlanmagy ahyrky sarp edijiler üçin bahalaryň peseljekdigini aňlatmaýar.

iPhone-yň paýyna her ýyl smartfon satuwynyň ýarysyna golaýy düşýän köp ýurtlardan tapawutlylykda, CyberMedia Research (CMR) kompaniýasy Hindistanyň bazary üçin ösüşiň boljakdygyny, ýöne görkezijileriň pes boljakdygyny çaklaýar. Şeýlelikde, 2022-nji senenama ýylynda geçen ýyl bilen deňeşdirilende 20% köp iPhone satylmagyna garaşylýar, şol bir wagtyň özünde satuw 7 mln birlik bolar – bazarda iPhone-yň paýy 5,5%-e deň bolar. iPhone üpjünçiliginiň umumy möçberiniň diňe 17%-i iPhone 13 seriýasynyň paýyna düşer. 


düýn 11:50
9.4k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....

26.05.2026 15:47
10k+

Hindi poliseýleri yssy howa sebäpli içi kondisionerli başgap geýýärler

Hindistanda dowam edýän aşa yssy howa zerarly Nýu-Deliniň ýol polisiýasynyň işgärleri içine sowadyş ulgamy gurnalan şlemleri geýip başladylar....

18.05.2026 12:41
4.2k+

Batgalykdaky Lotos: Hindistan yklymyň esasy howa menzili merkezleriniň birini gurýar

Mumbaýyň taryhy merkezinden takmynan 40 kilometr uzaklykda ýerleşýän batgalyk ýerde ägirt uly Nawi-Mumbaý howa menziliniň gurluşygy dowam edýär....

16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....