«Ferrariden» Lekler «Formula-1-de» Awstraliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy

  • 10.04.2022 17:14
  • 3.6k+

"Ferrari" toparynyň sürüjisi, monakoly Şarl Lekler 2022-nji ýylyň möwsüminde "Formula-1" klassly ulaglaryň ýaryşy boýunça dünýä çempionatynyň üçünji tapgyrynda - Awstraliýanyň Gran-pri baýragyny almak ugrundaky ýaryşda ýeňiş gazandy. Awtoulag ýaryşy ýekşenbe güni Melburnda "Albert-Park" trassasynda geçdi. 

Lekler 1 minut 20,260 sekuntda iň oňat aýlawyny etdi. "Red Bullyň" meksikaly sürüjisi Serhio Peres (20,524 sekunt yza galdy) ikinji ýeri eýeledi, üçünji bolup "Mersedesiň" sürüjisi,  britaniýaly Jorj Rassell (+25,593) geldi.

Bu Lekleriň möwsümdäki ikinji ýeňşi we karýerasyndaky birinji "uly tuwalgasydyr" (kwalifikasiýada we ýaryşda utdy, badalgadan pellehana çenli öňdeligi elden bermedi, şeýle hem aýlawda iň oňat netije görkezdi).

Ikinji gelen, dünýäniň çempiony, niderlandly Maks Werstappen 39-njy aýlawda hereketlendirijide näsazlyk ýüze çykandygy sebäpli ýaryşdan aýrylmaga mejbur boldy. Ondan öň awariýa sebäpli "Aston Martin" toparynyň sürüjisi nemes Sebastýan Fettel we "Ferrariden" ispaniýaly Karlos Saýns çapyşykdan çykypdylar. 

Lekler üç çapyşygyň jemi boýunça umumy hasapda öňdebaryjy hasaplanýar, onuň hasabynda 71 utuk bar. Rassel ikinji ýerde (37), Saýns üçünji ýerde (33) durýar. Indiki Emiliýa-Romanýiniň Gran-pri tapgyry Italiýada 22-24 aprel aralygynda geçer.


04.04.2026 15:00
9.3k+

Saud Arabystanynda täze trassa “Formula 1” ýaryşlaryny howa göterer

Saud Arabystanynda täze “Formula 1” trassasy gurulýar, onuň bir bölegi takmynan 70 metr belentlikden geçer. Er-Riýaddan takmynan 45 kilometr uzaklykda ýerleşýän Qiddiya etrabynda ýerleşýän bu taslama......

31.03.2026 07:17
2.5k+

19 ýaşly Antonelli Ýaponiýanyň Gran-prisini utdy we «Formula-1-iň» iň ýaş lideri boldy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Kimi Antonelli Ýaponiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryşa birinji ýerden başlan italiýaly sürüji yzyndan gelýän Oskar Piastriden («McLaren») 13,7 sekunt tiz bolup, pellehana......

16.03.2026 16:43
3.6k+

“Formula 1” aprel aýynda Bahreýnde we Saud Arabystanynda geçirilmegi meýilleşdirilen Grand Prix ýaryşlaryny ýatyrdy

Halkara awtoulag federasiýasy (FIA) we Formula-1-iň ýolbaşçylygy Bahreýnde we Saud Arabystanynda Gran-priniň ýaryşlaryny ýatyrdy. Bu barada FIA-nyň resmi web sahypasynda yglan edildi. Aprel aýynda geçiriljek ýaryşlar Ýakyn Gündogardaky häzirki geosyýasy ýagdaý sebäpli geçirilmez...

15.03.2026 19:17
2.3k+

Mercedes ýene-de öňde: Antonelli — «Formula-1-iň» taryhynda iň ýaş ikinji ýeňiji

«Mercedes» toparynyň italýan sürüjisi Andrea Kimi Antonelli «Formula-1» çempionatynyň täze möwsüminiň ikinji tapgyry bolan Hytaý Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. 19 ýaşly Antonelli ýaryşlar tapgyrynyň taryhynda iň ýaş ýeňijileriň hataryna girdi...