Microsoft Edge stolüsti kompýuterlerde ikinji meşhur brauzer boldy

  • 05.04.2022 05:39
  • 3.4k+

Statcounter-iň şu ýylyň mart aýyndaky statistikasyna görä, Google Chrome stolüsti personal kompýuterler (PK) segmentinde 67,29% bilen öňdebaryjy bolmagy dowam etdirýär. Mart aýynda onuň paýy hatda 2,4% ýokarlandy.

Ikinji orun üçin göreşde bolsa ilkinji gezek Microsoft Edge üstün çykdy – onda 9,65% paý bar. Üçünji orunda ýerleşen Safari-niň paýy 9,56%-e ýetýär. Dördünji we bäşinji orunlary, degişlilikde Mozilla Firefox (7,57%) we Opera (2,81%) eýeleýär. Bu ýagdaý diňe stolüsti PK üçin brauzerler barada gürrüň edilende şeýledir.

Global statistikada (ol stolüsti PK-ny we mobil gurluşlary-da göz öňünde tutýar) Edge üçünji orunda ýerleşýär we ol Safari-den ep-esli yza galýar: 4,05% garşy 18,84%-e. Munda hem birinji orny Google Chrome eýeleýär, ýöne onuň global bazardaky paýy birneme pes – 64,53%. Dördünji we bäşinji orunlarda Mozilla Firefox (3,4%) we Samsung Internet (2,82%) ýerleşýär.


19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
3k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....