Toýota ABŞ-da geçginliligi boýunça GM-dan öňe geçdi

  • 04.04.2022 12:28
  • 9.9k+

ABŞ-yň bazarynda haýran galdyryjy statistik hadysa bolup geçdi. 2021-nji ýylyň üç çärýeginiň netijeleri boýunça satuwlaryň korporatiw reýtinginde Toyota General Motors konsernini yza süýşürip, birinji ýeri eýeledi.

Artykmaçlyk o diýen uly däl: 9 aýyň dowamynda Toýota Ştatlarda 1 mln 858 müň täze awtoulag satdy, şonda GM-nyň netijesi - 1 mln 777 müň ulag. Ýöne ösüş nusga alarlyk: eger Toyota üç çärýegiň dowamynda, şowsuz 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, satuw göwrümini 27,9% artdyrmagy başaran bolsa, onda General Motors islegi bary-ýogy 0,1% artdyrdy. 

Ähli zadyň günäkäri ýakasyny tanadan ýarymgeçirijiniň gytçylygy, Toyota bu gytçylyga  hemmeden gowy taýýarlykly bolup çykdy: Ýaponiýada 2011-nji ýylda bolup geçen, köp zawodlaryň işini togtadan ýer titremeden soň, kompaniýa ulagyň möhüm bölekleriniň, şol sanda mikroçipleriň strategik ätiýaçlygyny artdyrmak kararyna geldi.

Eger Toyota öňdeligini dördünji çärýekde hem saklasa (muňa bolsa ähli şertler bar),  onda 2021-nji ýyl ABŞ-yň bazary üçin üýtgeýiş ýyly bolar, sebäbi GM konserni bärde 90 ýyl bäri satuwyň göwrümi boýunça öňdeligi elden bermän gelýärdi ahbetin!

Ýogsa-da, eger ABŞ-yň bazarynda GM konserniniň iň meşhur harydy pikaplar bolmagynda galsa, onda Toyota ýeňil ulaglary bilen öňe saýlanmagy başardy: şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda iň geçginli ulaglary krossower Toyota RAV4 (313 müň ulag) we sedan Toyota Camry (257 müň) boldy. 


27.04.2026 06:14
7k+

Hytaýda kuwwaty, stili we ekologik arassalygy utgaşdyrýan Camry HEV görkezildi

24-nji aprelde açylan Pekin halkara awtosalonynda (Auto China 2026) Toyota kompaniýasy GAC Toyota bilelikdäki kärhanasy tarapyndan ýörite Hytaý bazary üçin taýýarlanan Camry 2026 modelini tanyşdyrdy.......

25.04.2026 15:15
1.5k+

Toyota ýakyn geljekde RAV4 krossoweriniň elektrik wersiýasyny çykarmagy meýilleşdirmeýär

Toyota kompaniýasy, platformasynyň tehniki mümkinçiliklerine garamazdan, özüniň iň meşhur krossoweri bolan RAV4-i elektrik çekişe geçirmegi meýilleşdirmeýär....

22.04.2026 17:24
3.3k+

Toyota Polşanyň Wroslaw şäherinde sanly merkez açdy

Toyota Motor Europe Polşanyň Wroslaw şäherinde Ýewropadaky Toyota we Lexus awtomobilleri üçin programmalary işläp düzjek sanly merkeziň açylandygyny yglan etdi....

11.04.2026 11:57
7.8k+

Toyota-nyň inženerleri Land Cruiser 250 ulagyny ogurlap bolmaz ýaly etdiler

Toyota kompaniýasy Land Cruiser 250 (Prado) wnedorožnigini täzeledi we ogurlykdan goragyny güýçlendirmäge ünsi jemledi. Model birnäçe goşmaça wariantlary, şeýle hem ogurlanmak töwekgelçiligini azaltmaga......