2022-nji ýylyň täze Toyota Avalony resmi taýdan tanyşdyryldy

  • 04.04.2022 11:25
  • 35k+

Birnäçe aý mundan owal ýapon konserni doly ölçegli sedan Avalony, bu modele islegiň peselýändigi sebäpli, ABŞ-yň bazaryndan aýyrýandygyny mälim etdi. Munuň tersine, Hytaýda bu modeliň satuwy öňdäki hatarlarda durýar. Ýeri gelende aýtsak, golaýda Avalonyň içki we daşky görnüşine täze üýtgeşmeler girizildi.

Täzelenişiň toplumy standart diýseňem boljak — bamperler, radiatoryň gözenekleri, indi bumerang şekiline getirilen farlar täze. Salonynda täze sanly pribor paneli we 12 dýumlyk sensor displeýli multimediýa ulgamy peýda boldy.
Ähli agregatlary standartlygyna galdyryldy. Bu — wariator bilen bugda işleýän iki litrlik atmosferaly 170-güýçli motor. Şol bir atmosfera motorly, ýöne 2,5 litr göwrümli görnüşi hem bar.
Kuwwatlylygy 218 at güýjüne deň. Mysal üçin, şonuň ýaly motorlaryň Toyota Camry ulagyna oturdylýandygyny bellemek gerek. Dogry, Russiýanyň bazary üçin  agregatlar deforsirlenendir: iki litrlik — 150 at güýjüne çenli; 2,5 litrlik motor — 181 at güýjüne çenli.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......