Serdar Berdimuhamedow Aşgabat duşuşygynda owgan meselesi barada Türkmenistanyň garaýyşlaryny mälim etdi

  • 03.04.2022 17:18
  • 10k+

2-nji aprelde geçirilen ýokary derejeli türkmen-hindi gepleşikleriniň dowamynda owgan meselesine hem aýratyn üns berildi. Serdar Berdimuhamedow bu barada aýdyp, Türkmenistanyň özüniň garaýşyny goňşy döwlete kömek we goldaw bermegiň syýasy-ykdysady hem-de ynsanperwer ugurlarynda bir maksada esaslanyp emele getirýändigine ünsi çekdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Hususan-da, ykdysady taýdan aýdylanda, Owganystanyň sebit we halkara üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryna işjeň çekilmegi, häzirki zaman dünýä hojalyk işlerine goşulyşmagy zerur bolup durýar.

Ynsanperwer ugurda Türkmenistan owgan halkyna bir maksada gönükdirilen halkara ýardamy bermegiň, durmuş ulgamyny dikeltmekde we ösdürmekde goldaw bermegiň zerurdygyndan ugur alyp çykyş edýär.

Gepleşikleriň jemleri boýunça metbugat wekillerine ýüzlenmesinde döwlet Baştutany: «Türkmen we hindi halklary Owganystany parahat hem-de gülläp ösýän, hoşniýetli goňşy we sebitiň ähli ýurtlarynyň hyzmatdaşy hökmünde görmek isleýärler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy owgan ugry boýunça Hindistanyň tagallalaryna, şol sanda 2021-nji ýylyň 10-11-nji noýabrynda geçirilen Owganystan babatda sebitleýin howpsuzlyk boýunça dialoga we onuň jemleri boýunça kabul edilen Deli Jarnamasyna ýokary baha berdi» diýip nygtady.


düýn 11:27
1.9k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

11.06.2026 22:18
7.6k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

30.05.2026 11:21
3k+

Taýwanyň fond bazary ýekeje kompaniýanyň kömegi bilen Hindistandan öňe geçdi

Taýwanyň maliýe bazarlary öz taryhynda ilkinji gezek Hindistanyň fond bazaryny yzda galdyryp, 4,95 trillion dollar möçber bilen dünýäde bäşinji orna göterildi. Emma synçylar munuň tutuş ýurduň ykdysady......

24.05.2026 10:33
2.6k+

HPG: 2031-nji ýyla çenli Hindistan ykdysady ösüşi bilen ilkinji üçlüge girer

Halkara pul gaznasynyň 2026-njy ýyl üçin taýýarlan «Dünýä ykdysadyýetiniň geljegi» atly täze hasabatyna görä, 2031-nji ýyla çenli Hindistan nominal Jemi içerki önüminiň (JIÖ) göwrümi boýunça Germaniýany,......