Raşid Meredow Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň Hytaýda geçirilen ministrler maslahatyna gatnaşdy

  • 02.04.2022 05:27
  • 10k+

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, 31-nji martda Hytaýyň Tunsi şäherinde Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň ministrler derejesindäki üçünji maslahaty geçirildi. Çäräniň başynda HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň Gutlagy okaldy hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň wideoýüzlenmesi görkezildi.

Öz çykyşynda ministr Raşid Meredow Owganystanyň gönüden-göni goňşulary bolan alty ýurduň arasyndaky özara hereketleriň geljekde Owganystan boýunça köptaraplaýyn tagallalaryň ilerledilmegine güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdi. Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, ulag, kommunikasiýalar ýaly ulgamlarda halkara infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, ýagny Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenistan-Owganystana-Pakistan elektrik geçirijisiniň hem-de optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň çekilmegi, Owganystana tarap täze demir ýollaryň gurulmagy aýratyn ähmiýete eýedir.

Duşuşygyň ahyrynda Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň üçünji maslahatynyň Bilelikdäki Beýannamasy we Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmek we amaly hyzmatdaşlyk boýunça Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň Tunsi başlangyçlary kabul edildi.


12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......