Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ilkinji gezek bolýan Hindistanyň Prezidentini garşylady

  • 02.04.2022 05:21
  • 34k+

1-nji aprelde Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany garşylamak dabarasy boldy.

Asylly däbe görä, milli lybasdaky oglan we gyz Prezident Ram Nath Kowinde hem-de onuň maşgalasyna duz-çörek hödürlediler we gül çemenini gowşurdylar. Paýtagtymyzyň howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynyň öňündäki meýdançada Hindistan Respublikasynyň Liderini resmi garşylamak dabarasy boldy. Bu ýerde Prezident Ram Nath Kowindi Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady. Soňra belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat kerweniniň ugratmagynda “Ýyldyz” myhmanhanasyna tarap ugrady.

Statistiki maglumatlar, döwlet, hökümetara we pudagara derejede gol çekilen köp sanly resminamalary birleşdirýän ygtybarly şertnama-hukuk binýady hem-de geçirilýän syýasy geňeşmeler we dürli düzümleriň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar netijeli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändiginiň mysaly bolup biler.

Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň işine uly ähmiýet berilýär. Ynsanperwer ulgamda hem hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Türkmen halkynyň beýik ogullary Baýram han we Abdyrahym han-hanan Hindistanyň taryhyna şöhratly sahypalary ýazdylar. Hindistanyň halky olaryň mirasyna, hindi paýtagtynyň merkezinde gurlan Türkmen derwezesi ýaly meşhur taryhy-binagärlik ýadygärligine uly hormat-sarpa goýýar.

Mälim bolşy ýaly, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň gündogar dilleri we edebiýaty fakultetinde talyplar hindi dili hünäri boýunça okadylýar.

Garaşylyşy ýaly, Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikleriň çäklerinde özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşylar hem-de köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge, türkmen we hindi halklarynyň, döwletlerimiziň arasyndaky özara ynanyşmagy we düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekiler.


düýn 11:32
1.9k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

30.05.2026 11:21
2.5k+

Taýwanyň fond bazary ýekeje kompaniýanyň kömegi bilen Hindistandan öňe geçdi

Taýwanyň maliýe bazarlary öz taryhynda ilkinji gezek Hindistanyň fond bazaryny yzda galdyryp, 4,95 trillion dollar möçber bilen dünýäde bäşinji orna göterildi. Emma synçylar munuň tutuş ýurduň ykdysady......

24.05.2026 10:33
2.5k+

HPG: 2031-nji ýyla çenli Hindistan ykdysady ösüşi bilen ilkinji üçlüge girer

Halkara pul gaznasynyň 2026-njy ýyl üçin taýýarlan «Dünýä ykdysadyýetiniň geljegi» atly täze hasabatyna görä, 2031-nji ýyla çenli Hindistan nominal Jemi içerki önüminiň (JIÖ) göwrümi boýunça Germaniýany,......

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....