Raşid Meredow Owganystanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 31.03.2022 19:13
  • 9.3k+

30-njy martda HHR-iň Tunsi şäherinde geçirilýän Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Amir Han Mottaki bilen duşuşdy.

Taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň ähmiýetini bellediler. Şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisi we demir ýol taslamalary ýaly infrastruktura taslamalarynyň işiniň gidişi barada pikir alşyldy.

Diplomatlar howpsuzlygy üpjün etmek boýunça türkmen-owgan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmeginiň wajypdygyny aýratyn bellediler.


düýn 20:14
1.3k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

29.04.2026 15:09
1.2k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

29.04.2026 07:36
1k+

Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Hamdy Şaaban Abdelhalim......

28.04.2026 10:49
1.2k+

Türkmenistan we Malaýziýa öňde duran ýokary derejeli duşuşyklary ara alyp maslahatlaşdy

27-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä,......