Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilýän halkara maýa goýum forumyna gatnaşyjylary gutlady

  • 29.03.2022 08:41
  • 12k+

Şu gün — 29-njy martda ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen, Aşgabatda gibrid görnüşde halkara forum öz işine başlaýar. Oňa gatnaşyjylara Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlag ýollady.

Gutlagda bellenilişi ýaly, bu halkara maslahat daşary ýurt işewürlerine ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollary bilen tanyşmaga mümkinçilik berer. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gyzyklanmasy, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz senagatynda amala aşyrylýan özgertmeleriň giň gerimi hem-de dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen şertlendirilendir.

«Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyk işleri batly depginde alnyp barylýar. Bu iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe bir oňa gatnaşyjy döwletleriň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň ösüşine hem oňaýly täsirini ýetirer... Bu halkara onlaýn forumyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen bilelikde daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn» diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda nygtady.


13.06.2026 15:16
6.6k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
11k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......

08.06.2026 19:01
4.9k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....