Döwletjan Ýagşymyradow Bellator 277-de Toni Jonsa garşy güýç synanyşar

  • 25.03.2022 14:32
  • 32k+

Türkmenistanly  Döwletjan Ýagşymyradow 15-nji  aprelde indiki göreşinde Bellator 277-de ýarymagyrlyk agramynda Toni Jonson bilen güýç synanyşar, bu barada Sports Illustrated çarşenbe güni habar berdi.

Ýarymagyrlyk agramda «Berkut» Absolýut çempionatyň çempionynyň titulyny, şeýle-de, ýarymagyrlyk agramda «Ahmat» Absolýut çempionatyň guşagyny gazanan 32 ýaşly Döwletjan Ýagşymyradow yzly-yzyna sezewar bolan iki ýeňlişiniň yzyny kesmäge çalyşýar, şol urgularyň ikisi hem oňa Bellatoryň gözeneginde urlupdy.

Kori Anderson 2021-nji ýylyň aprelinde üçünji raundda tehniki nokaut bilen Döwletjan Ýagşymyradowy ýeňipdi, ýöne Ýagşymyradow geçen ýylyň oktýabrynda Karl Albrektssonyň garşysyna, tas özüniň  bähbidine bolaýmaly ýeňlişde, eminleriň biragyzdan gelen kararyna salgylansaň, gowy netije görkezdi. 

Öňümizde garaşýan 15-nji apreldäki çäräniň esasy wakalarynyň biri ýarymagyrlyk agramynda Bellatoryň Gran-prisini almak ugrundaky dünýä turniriniň finaly bolar, onda Bellatoryň çempiony Wadim Nemkow Kori Anderson bilen Bellatoryň dünýä çempiony titulyny almak, şeýle hem 1 million dollar möçberinde pul baýragyny almak ugrunda tutluşar.


düýn 11:45
6.3k+

Umar Nurmagomedow UFC-niň çempiony adyna esasy dalaşgär boldy

Garyşyk söweş sungatynyň russiýaly wekili Umar Nurmagomedow UFC-niň ýeňil agram derejesinde söweşijileriň sanawynda birinji basgançaga galdy. Bu agram derejesinde hereket edýän çempion adyny  gruziýaly Merab Dwalişwili saklap gelýär, emma Nurmagomedow indi çempionlyk üçin esasy dalaşgär hasaplanýar...

26.10.2025 10:00
16k+

UFC 321: Gan tötänleýin Aspinalla şikes ýetirdi — titul söweşi geçirilmedik diýlip yglan edildi

Abu-Dabide geçirilen UFC 321 ýaryşynyň çäginde agyr agramdaky titul söweşi — britaniýaly pälwan Tom Aspinall bilen fransiýaly Siril Ganyň arasyndaky duşuşyk netijesiz diýlip yglan edildi. Gan ilkinji sekuntlardan başlap ynamly hereket etdi, aýakda söweşde çempiondan egsik gelmän, partere alma synanyşyklaryndan ussatlyk bilen baş alyp çykdy...

25.10.2025 07:13
6.7k+

UFC 321-iň doly kardy: esasy söweş Aspinall bilen Ganyň arasynda bolar

25-nji oktýabrda, şenbe güni Abu-Dabidäki “Etihad-Arenada” garyşyk başa-baş söweş boýunça UFC 321 ýaryşy geçiriler. Agşamyň esasy wakasy agyr agramda çempion, britaniýaly Tom Aspinall bilen fransuz Siril Ganyň arasyndaky söweş bolar...

14.10.2025 20:43
11k+

Titul üçin rewanş: Pýotr Ýan UFC 323 ýaryşynda Dwalişwili bilen söweşer

Iň ýeňil agramda UFC-niň öňki çempiony, russiýaly Pýotr Ýan ýene-de tituly gaýdyp almak mümkinçiligine eýe bolar. Ol 6-njy dekabrda (Aşgabat wagty bilen 7-nji dekabra geçilýän gije) UFC-niň häzirki çempiony, gruziýaly Merab Dwalişwili bilen duşuşar...