Döwletjan Ýagşymyradow Bellator 277-de Toni Jonsa garşy güýç synanyşar

  • 25.03.2022 14:32
  • 32k+

Türkmenistanly  Döwletjan Ýagşymyradow 15-nji  aprelde indiki göreşinde Bellator 277-de ýarymagyrlyk agramynda Toni Jonson bilen güýç synanyşar, bu barada Sports Illustrated çarşenbe güni habar berdi.

Ýarymagyrlyk agramda «Berkut» Absolýut çempionatyň çempionynyň titulyny, şeýle-de, ýarymagyrlyk agramda «Ahmat» Absolýut çempionatyň guşagyny gazanan 32 ýaşly Döwletjan Ýagşymyradow yzly-yzyna sezewar bolan iki ýeňlişiniň yzyny kesmäge çalyşýar, şol urgularyň ikisi hem oňa Bellatoryň gözeneginde urlupdy.

Kori Anderson 2021-nji ýylyň aprelinde üçünji raundda tehniki nokaut bilen Döwletjan Ýagşymyradowy ýeňipdi, ýöne Ýagşymyradow geçen ýylyň oktýabrynda Karl Albrektssonyň garşysyna, tas özüniň  bähbidine bolaýmaly ýeňlişde, eminleriň biragyzdan gelen kararyna salgylansaň, gowy netije görkezdi. 

Öňümizde garaşýan 15-nji apreldäki çäräniň esasy wakalarynyň biri ýarymagyrlyk agramynda Bellatoryň Gran-prisini almak ugrundaky dünýä turniriniň finaly bolar, onda Bellatoryň çempiony Wadim Nemkow Kori Anderson bilen Bellatoryň dünýä çempiony titulyny almak, şeýle hem 1 million dollar möçberinde pul baýragyny almak ugrunda tutluşar.


13.03.2026 12:13
7.4k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...

11.03.2026 18:54
8.3k+

Oliweýra UFC-niň iň gowy söweşijileriniň P4P reýtingine gaýdyp geldi, Sarukýan çykdy

Braziliýaly söweşiji Çarlz Oliweýra agram derejesine garamazdan (pound-for-pound) UFC-niň iň gowy 15 söweşijisiniň sanawyna gaýdyp geldi. Reýtingdäki bu üýtgeşme Oliweýra UFC 326 ýaryşynda Maks Holloweýi ýeňip, BMF guşagyny gazanandan soň bolup geçdi...

10.03.2026 12:23
15k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedro bilen urşar

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 16-njy aprelde Demirgazyk Irlandiýanyň Belfast şäherindäki «SSE Arena» arenasynda geçiriljek PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedro bilen duşuşar...

10.03.2026 07:58
6.5k+

UFC 326 turnirinde Oliweýra Holloueýden üstün çykyp, 2,2 million dollardan gowrak girdeji gazandy

UFC-niň ýeňil agramda öňki çempiony Çarlz Oliweýra UFC 326 turniriniň iň köp hak tölenýän gatnaşyjysy boldy. Sporty Salaries portalynyň maglumatlaryna görä, braziliýaly söwüşiji agşamyň esasy tutluşygy üçin 2,282 million dollar aldy...