Porsche 2030-njy ýyla çenli 80% elektromobilleri çykarmaga girişmegi meýilleşdirýär

  • 23.03.2022 22:55
  • 5.9k+

Germaniýanyň Volkswagen Group kompaniýasyna degişli Porsche AG "lýuks" klasly awtoulaglaryň brendi 2030-njy ýyla çenli önümçiliginiň umumy göwrüminiň 80% -ni elektrohereketlendirijili awtoulaglary goýbermäge gönükdirmegi göz öňünde tutýar diýip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.

Owal Porsche bu görkezijä diňe bir elektromobiller däl, eýsem gibrid hereketlendirijili ulaglar hem girer diýip umyt baglaýardy.

"Porscheniň geljegi - elektriki" - diýip, kompaniýanyň baş ýerine ýetiriji direktory Oliwer Blume nygtaýar.

Geçen ýylyň jemi boýunça häzirki wagtda Porsche-niň çykarýan ýeke-täk elektrokary bolan Taycan elektrowersiýasynyň satuwy 911 sport modeliniň satuwyndan ýokary boldy, bu bolsa öňegidişlige bil bagladýar.
Şeýlelikde, 2021-nji ýylda elektriki konfigurasiýaly Taycanyň 41 296 sanysy ýerlendi, 911 modeliniň bolsa - 38 464 sanysy satyldy. Bu iki model üçinem rekord görkezijidir. Netijede, satylan awtoulaglaryň umumy sanynyň 14%-i Taycanyň paýyna düşýär.
Porsche Macanyň elektrik wersiýasyny 2023-nji ýylda, 718 modeliniňkini bolsa 2025 ýylda çykaryp başlamagy niýet edinýär. Şeýle hem 911-iň gibrid wersiýasyny çykarmak meýilleşdirilýär, ýöne Blum  onuň haçan çykarylyp başlanjagyny takyk aýtmady.


düýn 18:18
1.2k+

Porsche Taýwanyň gözelliklerine özboluşly 911 Carrera bagyşlady

Porsche kompaniýasy Formosa diýlip atlandyrylan 911 Carrera T sport awtoulagynyň aýratyn nusgasyny hödürledi. Bu özboluşly awtoulagyň bezegi, taryhda portugaliýaly deňizçiler tarapyndan "owadan ada" diýmekligi aňladýan Formoza ady bilen tanalýan Taýwanyň tebigy gözelliklerine bagyşlanandyr...

15.12.2025 07:45
3.3k+

ÝB içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryň satuwyna gadaganlygy 2040-njy ýyla çenli yza süýşürýär

Ýewropa Bileleşigi içinden ýandyrylýan hereketlendirijili täze ulaglary satmaklyga goýlan gadaganlygy yza süýşürmegi meýilleşdirýär. Bu barada "The Times" gazeti öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär. ÝB-ne agza 27 döwlet tarapyndan 2023-nji ýylda gol çekilen ylalaşygyň ilkibaşda 2035-nji ýylda güýje girmegi meýilleşdirilipdi...

11.12.2025 18:35
5.2k+

Porsche Taycan-yň döredijisi Mercedes-AMG-yň ýolbaşçysy bolar

Elektromobil pudagynda hünärmen Ştefan Wekbah Mercedes-AMG bölüminiň täze ýolbaşçysy hökmünde bellendi. Ozal ol Porsche Taycan-y döretmek taslamasyna ýolbaşçylyk edipdi, şeýle-de Cayenne-niň elektrik wersiýasynyň döredilmegine gatnaşdy...

09.12.2025 21:27
3.5k+

Subaru ygtybarlylyk reýtinginde Toyota, BMW we Porsche brendlerinden öňe geçdi

Consumer Reports neşiri iň ygtybarly modelleriň täze reýtingini hödürledi. Sanawda yzygider ikinji ýyl Subaru birinji orny eýeledi. Brend Toyota we Honda markalaryndan, şeýle-de BMW we Porsche ýaly premium öndürijilerden öňe geçdi...