iPhone SE 2022 flagman Android smartfonlaryndan has kuwwatly bolar

  • 21.03.2022 18:28
  • 10k+

Apple-iň täze iPhone SE (2022) smartfony iPhone 13 ýaly A15 Bionic prosessory bilen enjamlaşdyryldy, bu hem Apple-iň 2022-nji ýyldaky iň arzan smartfonynyň hem Android flagmanlaryndan ýokary boljakdygyny aňladýar diýip, PhoneArena ýazýar.

iPhone SE (2022) hatda Samsung Galaxy S22 Ultra flagman smartfonyndan hem ýokary bolup biler. Subutnama hökmünde iPhoneArena şeýle çyzgyny getirýär:

iPhone SE (2022) hem iPhone 13 ýaly 6 ýadroly CPU, 4 ýadroly GPU, 16 ýadroly prosessor Neural Engine we 4 GB operatiw ýat bilen üpjün edildi. Şonuň üçinem şolar ýaly öndürijilige garaşmak bolar.


17.08.2025 23:37
1.9k+

iOS 26-da animasiýalar çaltlaşdyryldy: köne iPhone “has janly” işlär

Apple kompaniýasy iOS 26-ny synagdan geçirmegi dowam etdirýär, onuň durnukly wersiýasy indiki aýda iPhone 17 bilen bilelikde çykar. Häzir işläp düzüjiler iOS 26 beta 6-ny gurnap bilýär, onda birnäçe uly üýtgeşmeler peýda boldy...

14.08.2025 16:28
1.7k+

Apple adaty ringtonyň remiksleri we beýleki täzelikler bilen iOS 26 beta 6-ny çykardy

Apple işläp düzüjiler üçin iOS 26-nyň altynjy beta wersiýasyny çykardy. Onda awtomatik gurnalan “Reflection” (Serpikme) ringtonynyň alty remiksi we interfeýsiň birnäçe üýtgeşmeleri peýda boldy. Adaty ringtonyň täze wersiýalary “Buoyant” (Şadyýan), “Dreamer” (Arzuwçyl), “Tech” (Tehnologik), “Pop”, “Reflected” (Serpikdirilen), “Surge” (Joşgun) atlaryny aldy...

14.08.2025 16:20
2k+

Huawei üç ekranly Mate XT-2 smartfonyny iPhone 17-niň tanyşdyryljak güni hödürlär

Huawei eplenýän üç ekranly smartfonynyň täze görnüşini – Mate XT 2 smartfonyny taýýarlaýar. Fixed Focus Digital insaýderleriniň maglumatlaryna görä, smartfonyň tanyşdyrylyşy 10-njy sentýabrda bolup biler. Bu sene Apple-iň iPhone 17 smartfon hatarynyň garaşylýan tanyşdyrylyş dabarasy bilen gabat gelýär...

14.08.2025 12:57
2.1k+

Apple TV+ oktýabrda Martin Skorseze barada dokumental mini-serial çykarar

Apple TV+ “Näletlenenleriň adasy” (Остров проклятых), “Nýu-Ýorkuň bandalary” (Банды Нью-Йорка) we “Taksi sürüjisi” (Таксист) ýaly filmleri düşüren režissýor Martin Skorseze barada “Martin Skorseze” dokumental mini-serialynyň treýlerini hödürledi...