Türkiýede merkezi aralygy bolan dünýäde iň uzyn asma köpri açyldy

Türkiýede merkezi aralygy bolan dünýäde iň uzyn asma köpri açyldy

Anna güni Türkiýäniň günbatarynda dünýäde iň uzyn merkezi aralygy bolan asma köpriniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TASS habar berýär.

Dardanell bogazynyň üstünden geçýän köpriniň açylyş dabarasyna prezident Rejep Taýyp Ärdogan gatnaşdy. Täze desga “1915-nji ýylyň köprüsi” adyny aldy. Şol ýyl Osman goşunlary bir bölegi Dardanell operasiýasy bolan Gallipoli söweşinde ýeňiş gazandy. Söweş köpriniň gurlan ýerinde boldy.

Anadolu agentliginiň maglumatlaryna görä, 2017-nji ýylyň 18-nji martynda gurlup başlanan täze köpriniň dünýäde iň uzyn merkezi aralygy bar – 2 023 m. Bu san tötänleýin däldir, ol Türkiýäni dünýäniň ykdysady döwletleriniň onlugyna goşmagy maksat edinýän “Türkiýäniň Ösüş taslamasy 2023” barada ýatladýar. 

Köpriniň merkezi aralygy häzirki dünýä rekordyny täzeledi. Bu rekord Ýaponiýadaky Akasi Kaýkýo köprüsine degişlidi. Onuň aralygy 1 991 m. Dardanelliň üstünden geçýän alty zolakly (her tarapda üç ugur) asma köpriniň umumy uzynlygy 4 608 m ýetýär.