2022-nji ýylda Azerbaýjan Ýewropa gazyň goýberilişini artdyrmagy meýilleşdirýär

2022-nji ýylda Azerbaýjan Ýewropa gazyň goýberilişini artdyrmagy meýilleşdirýär

Azerbaýjan 2022-nji ýylda Ýewropa eksport edilýän gazyň mukdaryny 9,1 mlrd kub metre ýetirmek isleýär. Bu barada Azerbaýjanyň energetika ministri Pýarwiz Şahbazow mälim etdi.

"2022 ýylda biz Türkiýä 8,2 mlrd kub metr, Ýewropa  9,1 mlrd kub metr gazy eksport ederis (2021 ýyl bilen deňeşdirilende 11% - IF) " - diýip, Şahbazow Antaliýada (Türkiýe) geçen diplomatik forumda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, 2020-nji ýylyň 31 dekabryndan bäri TAP gazgeçirijisi boýunça ýewropanyň sarp edijileri Azerbaýjandan 9,7 mlrd kub metr gaz aldylar.

Şahbazow Azerbaýjanyň gazyň uly ätiýaçlyklaryna eýedigini, munuň bolsa azerbaýjan gazynyň ugradylýan ýerleriniň örüsini giňeltmegi möhüm mesele edip goýýandygyny sözüniň üstüne goşdy. "Bu ugurda iş alyp barmagyň wagty eýýäm ýetdi" - diýip, Interfaks onuň sözlerini getirýär. 

Azerbaýjan diňe bir gazyny eksport etmeklige däl, eýsem ýel energiýasyndan alynýan elektroenergiýany eksporta çykarmaklyga hem gyzyklanma bildirýär diýip, ministr nygtaýar.

Azerbaýjan 2020-nji ýylyň 31-nji dekabryndan başlap, TAP gazgeçirjisi boýunça Ýewropa öz gazyny eksport edip ugrady. 2021-nji ýylda Ýewropa (Italiýa, Gresiýa we Bolgariýa) ugradylan gazyň möçberi 8,2 mlrd kub metr boldy.