Gurbanguly Berdimuhamedow: «Adamlaryň ynamy mukaddesdir we hökman ödelmelidir»

  • 16.03.2022 14:48
  • 23k+

«Bu ýeňiş biziň halkymyzyň bildiren ynamynyň netijesidir. Adamlaryň ynamy bolsa mukaddesdir we hökman ödelmelidir. Munuň üçin, ilki bilen, Watany hem-de mähriban halkyňy çäksiz söýmeli. Hemişe halkyň aladasy bilen ýaşap, ähli güýjüňi, tagallaňy onuň bähbitlerine gönükdirmeli. Eger gerek bolsa, Watanyň we halkyň üçin janyňy hem bermäge taýýar bolmaly». Şulary diýmek bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji martda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň raýatlaryna ýüzlenip, saýlawlara işjeň gatnaşan ildeşlerimize, özi üçin ses berip, ynam bildiren saýlawçylara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Serdar Berdimuhamedow halkymyzyň bildiren beýik ynamyny Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda asudalygy, howpsuzlygy üpjün etmek, dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň berkarar bolmagyna ýardam bermek, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de mähriban halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine bitirjek işleri bilen ödejekdigine ynandyrdy.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......