Berdimuhamedowyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» kitaby rus we iňlis dillerinde neşir edildi

  • 15.03.2022 09:01
  • 727

14-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabynyň iňlis we rus dillerindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistandaky diplomatik edaralaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräni açmak bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow döwlet Baştutanymyzyň çuň mazmunly suratlar bilen baýlaşdyrylan kitabynda Watanymyzyň häzirki zaman taryhyna çuň akyl ýetirmeleriň, onuň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň öz beýanyny tapýandygyny aýtdy.   

Şeýle-de çärede Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin, Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý, Watikanyň Türkmenistandaky Apostol Nunsiaturasynyň medeniýet meseleleri boýunça attaşesi Andžeý Madeý dagylar hem çykyş etdiler

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýew, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory M.Kuliýewa we beýlekiler hem öz çykyşlaryny beýan etdiler.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, bu eser Milli Liderimiziň köpçüligiň öňünde eden çykyşlarynyň ýygyndysy bolup, onda ýurdumyzy ösdürmegiň dürli meseleleri, daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar hakynda ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan soraglar barada oýlanmalar öz beýanyny tapýar.


24.11.2025 12:22
7.3k+

Aşgabatda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli çäreler geçirildi

22-nji noýabrda Aşgabatda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli “Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw geljegiň bähbidine hemmetaraplaýyn goldaw” ady bilen çäre geçirildi. Çäre Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan bilelikde guraldy...

24.11.2025 06:55
8.6k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maýyl howa saklanýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar...

22.11.2025 14:14
4.1k+

Pariždäki Arap dünýäsi institutyna Magtymgulynyň arap dilindäki neşirleri gowşuryldy

18-nji noýabrda Pariždäki Arap dünýäsi institutyna türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň arap diline terjime edilen eserleriniň seýrek nusgalary gowşuryldy. Çäre Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa amala aşyran resmi saparynyň çäginde geçirildi...

22.11.2025 10:29
5.4k+

Türkmenistanda ýüze çykarylan täze arheologik tapyndylar Aşgabat we Arkadag şäherleriniň muzeýlerine gowşurylar

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-preýmer B.Seýidowa taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Milli taryhy...