Berdimuhamedow Çiliniň täze Prezidentini wezipä girişmegi bilen gutlady

Berdimuhamedow Çiliniň täze Prezidentini wezipä girişmegi bilen gutlady

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Gabriel Boriçe Çili Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Gabriel Boriçe tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat, şeýle hem Çili Respublikasynyň dostlukly halkynyň öňe gitmegine hem-de rowaçlygyna gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.