Ýaponiýa daşary ýurtly talyplary ýurda köpçülikleýin kabul edip başlamagy meýilleşdirýär

Ýaponiýa daşary ýurtly talyplary ýurda köpçülikleýin kabul edip başlamagy meýilleşdirýär

Ýaponiýanyň hökümeti şu ýylyň maý aýyna çenli koronawirus çäklendirmelerini gowşadyp, ýurda daşary ýurtly talyplary köpçülikleýin goýberip başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada “Nikkei” gazeti habar berdi diýip, TASS belleýär.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda 7 000 adama barabar bolan ýurda giriş üçin gündelik çäkden ýüz öwürmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda, takmynan, 152 müň daşary ýurtly talyp Ýaponiýanyň talyp wizasyny alandygyna garamazdan, hereket edýän koronawirus çäklendirmeleri sebäpli ýurda girip bilmeýär.  

Ýaponiýada 2020-nji ýylyň 28-nji dekabrynda koronawirus ştammlarynyň ýaýramagy sebäpli dünýäniň ähli döwletleriniň we sebitleriniň raýatlaryna täze wizalaryň berilmegine gadaganlyk girizildi. Häzirki wagtda Ýaponiýa diňe ýaponiýalylar, ýurtda hemişelik ýaşaýan we uzak möhletleýin wizalary bar bolan daşary ýurtlular hem-de diplomatlar girip bilýär. Şeýle-de, giriş Ýaponiýada ýaşaýan daşary ýurtlularyň garyndaşlaryna “aýratyn ýagdaýlarda”, mysal üçin maşgala ýagdaýlary sebäpli rugsat berlip bilner. Şol bir wagtyň özünde giriş üçin çäklendirme hereket edýär – günde 7 müň adamdan köp bolmaly däl.

Ýaponiýa omikron ştammynyň ýaýramagy sebäpli koronawirusyň nobatdaky tolkuny bilen göreşmegi dowam edýär. Ýurtda her gün, takmynan, 63 müňe golaý täze kesel hadysasy we 200 töweregi ölüm hasaba alynýar.