Ýaponiýa daşary ýurtly talyplary ýurda köpçülikleýin kabul edip başlamagy meýilleşdirýär

  • 14.03.2022 14:32
  • 7.4k+

Ýaponiýanyň hökümeti şu ýylyň maý aýyna çenli koronawirus çäklendirmelerini gowşadyp, ýurda daşary ýurtly talyplary köpçülikleýin goýberip başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada “Nikkei” gazeti habar berdi diýip, TASS belleýär.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda 7 000 adama barabar bolan ýurda giriş üçin gündelik çäkden ýüz öwürmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda, takmynan, 152 müň daşary ýurtly talyp Ýaponiýanyň talyp wizasyny alandygyna garamazdan, hereket edýän koronawirus çäklendirmeleri sebäpli ýurda girip bilmeýär.  

Ýaponiýada 2020-nji ýylyň 28-nji dekabrynda koronawirus ştammlarynyň ýaýramagy sebäpli dünýäniň ähli döwletleriniň we sebitleriniň raýatlaryna täze wizalaryň berilmegine gadaganlyk girizildi. Häzirki wagtda Ýaponiýa diňe ýaponiýalylar, ýurtda hemişelik ýaşaýan we uzak möhletleýin wizalary bar bolan daşary ýurtlular hem-de diplomatlar girip bilýär. Şeýle-de, giriş Ýaponiýada ýaşaýan daşary ýurtlularyň garyndaşlaryna “aýratyn ýagdaýlarda”, mysal üçin maşgala ýagdaýlary sebäpli rugsat berlip bilner. Şol bir wagtyň özünde giriş üçin çäklendirme hereket edýär – günde 7 müň adamdan köp bolmaly däl.

Ýaponiýa omikron ştammynyň ýaýramagy sebäpli koronawirusyň nobatdaky tolkuny bilen göreşmegi dowam edýär. Ýurtda her gün, takmynan, 63 müňe golaý täze kesel hadysasy we 200 töweregi ölüm hasaba alynýar.


15.09.2025 17:42
5k+

Türkmenistanda okuwçylar üçin koreý we ýapon dilleri boýunça okuw kitaplary neşir edildi

Türkmenistanda umumybilim berýän mekdepleriniň 9-njy synplary üçin iki sany täze — «Koreý dili» we «Ýapon dili» okuw kitaplary neşir edildi. Bu işe daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly tehnologiýalary okuw işine ornaşdyrmak boýunça maksatnamanyň çäginde badalga berildi diýip, Bilim ministrliginde habar berdiler...

22.08.2025 15:55
2.1k+

Ýaponiýanyň ilçihanasy ýapon dil bilimini bahalandyrýan synag üçin arzalary kabul edip başlady

Japanese-Language Proficiency Test (JLPT) synagyna arzalar kabul edilýär. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi. Hasaba alnyş 25-nji awgustan 1-nji sentýabra çenli dowam eder. Bellenilişi ýaly, synag şu ýyl ikinji gezek geçirilýär...

09.04.2025 11:31
2.5k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi wodorod energiýasy boýunça Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk eder

7-nji aprelde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy-barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky özara düşünişmek hakynda...

06.04.2025 11:40
2.4k+

Aşgabatda ýapon dilini biliş derejesini anyklamak boýunça 2025-nji ýylyň ilkinji synagy geçiriler

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýapon dilini biliş derejesini anyklamak boýunça 2025-nji ýylyň ilkinji synagynyň (Japanese-Language Proficiency Test, JLPT) geçirilýändigi barada habar berdi. Synagy tabşyrmak...