Dünýädäki iň uzyn awtomobil gaýtadan dikeldildi

  • 14.03.2022 13:53
  • 25k+

Dünýädäki iň uzyn awtomobil hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen meşhur American Dream limuzini doly derejede dikeldildi. Bu işe heniz 2020-nji ýylda başlanypdy, birnäçe ýyldan soň awtoulag öňki görnüşine gaýdyp geldi: ähli işlere jemi 250 müň dollar sarp edildi. Mundan başga-da, “Amerikan arzuwy” dikeltme işlerinden soň öňküsinden has uzaldy, ýagny ol 30,5 metre ýetdi. Awtoulagyň uzynlygy öň 18,28 metrdi. 

American Dream 1986-njy ýylda kastomaýzer Jeý Orberg tarapyndan gurnaldy. Ol 1976-njy ýylda çykan iki sany Cadillac Eldorado-ny birleşdirip, emele gelen awtoulagy 13 jübüt teker bilen üpjün etdi. Onuň bortunda jakuzi, basseýn, mini-golf üçin meýdança we hatda dikuçar meýdançasyny ýerleşdirdi. 

Bu limuzin 2019-njy ýylda amerikaly Maýk Menning satyn alýança, gerekli idegi alman ençeme ýyl Nýu-Jerside ýerleşýän ammarda durdy. Soňra Maýkl ony Floridadan kolleksioner Maýkl Dezere satdy. Ol hem awtoulagyň gaýtadan dikeldilmegini maliýeleşdirdi. 

Limuzin dikeldiş ussahanasyna eltmek oňaýly bolar ýaly iki “Kadillaga” bölündi. Onuň bölekleri ussalara ýaramaz ýagdaýda gelip gowuşdy: kuzow poslap zaýalanypdy, öňki bamper bolsa käbir tekerler ýaly ýokdy, aýnalar hem döwlüpdi. Awtoulagyň ortaky bölegini noldan ýasamaly boldy diýip, Menning belleýär. 


20.08.2025 08:48
12k+

Awtomobilleriň iň köp öndürilýän ýeri nirede: infografika

Geçen ýyl dünýäde 92 milliondan gowrak awtomobil öndürildi. Önümçiligiň esasy bölegini Hytaý, Ýaponiýa we ABŞ üpjün etdi – ýygnalan ähli ulaglaryň 54%-i bu ýurtlaryň paýyna düşdi. Şol bir wagtyň özünde, Hindistan, Meksika we Braziliýa ýaly ösýän bazarlaryň täsiri-de artýar...

11.08.2025 00:00
3.7k+

Chevrolet Silverado pikaby bir zarýadda rekord 1704 km-i geçip rekord goýdy

Chevrolet kompaniýasy bir zarýadda iň uzak aralygy geçen elektrik ulagy hökmünde täze dünýä rekordyny goýandygyny mälim etdi. Silverado kysymly pikabynyň batareýa bilen işleýän görnüşi 1704,6 kilometri geçmegi başardy diýip, Motor1 habar berýär...

04.08.2025 00:07
4.9k+

BMW M3 CS Touring Nýurburgring ýolunda iň tiz seriýalaýyn uniwersal boldy

BMW-niň täze M3 CS Touring modeli meşhur Nýurburgring ýolunda seriýa görnüşli uniwersal awtoulaglaryň arasynda täze rekord goýdy — ol ýoluň bir aýlawyny 7 minut 29,490 sekuntda geçdi. Bu netijäni kompaniýa aprel aýynda hasaba aldy, ýöne şu wagta çenli resmi taýdan yglan etmändi...

28.07.2025 14:53
7.4k+

Toyota ABŞ-nyň bazary üçin Corolla we Corolla Hybrid sedanlaryny täzeledi

Amerikan bazary üçin 2026-njy ýylyň Toyota model hatarynda Corolla we Corolla Hybrid sedanlarynyň kämilleşdirilen görnüşleri peýda boldy. Modelleriň ikisi-de täzelenen üpjünçilige, täze howpsuzlyk ulgamlaryna we birneme ýokary bahalara eýe boldy...