Arktikada temperaturanyň ýokarlanmagynyň sebäbi düşündirildi

  • 09.03.2022 18:03
  • 14k+

Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň A.M.Obuhow adyndaky Atmosfera fizikasy institutynyň russiýaly alymlary Şpisbergen arktik arhipelagynda temperaturanyň ýokarlanmagynyň sebäbini düşündirmegi başardylar. Bularyň ählisi fen diýlip atlandyrylýan hadysa bilen baglanyşykly diýip, lenta.ru belleýär.

Dowamly meteorologik gözegçilikleriň esasynda gözlegçiler Şpisbergende howa açyk bolan günlerinde kenar ýakasyndaky temperaturanyň Selsiý boýunça plýus 10 gradusdygyny, ýöne arhipelagyň töwereginde onuň minus 5-0 gradusdan ýokary geçmändigini anykladylar.     

Netijede hünärmenler adatdan daşary maýyl howanyň we bulutlaryň bolmazlygynyň fen – dag gerişleriniň yk tarapyndaky temperaturanyň ep-esli ýokarlanmagyna sebäp bolýan hadysa bilen baglanyşyklydygy baradaky netijä geldiler. Şeýle howanyň uzak dowam etmegi buzluklaryň we garyň işjeň eremegine sebäp bolýar. Alymlar alyp baran işleriniň netijeleri Arktikadaky klimat üýtgemelerini has takyk çaklamaga we öwrenmäge kömek eder diýip hasaplaýarlar. 


düýn 23:18
448

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
370

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

11.05.2026 23:19
4.2k+

Alymlar 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze güýçli partlamanyň boljakdygyny duýdurýarlar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, Günüň ýüzündäki indiki güýçli partlama 13-nji maýda bolup geçer....

10.05.2026 14:09
1.5k+

Alymlar dinozawrlaryň peýda bolan wagtyny 10 mln ýyl öňe süýşürdi

ABŞ-dan paleontologlar dinozawrlaryň Ýer ýüzünde öňki çaklanylandan 10 million ýyl ir peýda bolan bolmagynyň mümkindigi baradaky netijä geldi. Geçirilen barlaglara görä, olaryň gelip çykyşy 250–240 million ýyl......