Maks Werstappen «Red Bull» bilen şertnamasyny 2028-nji ýyla çenli uzaltdy

  • 04.03.2022 17:18
  • 2.6k+

Formula-1-iň awstriýaly «Red Bull» topary niderlandly sürüjisi Maks Werstappen bilen şertnamasyny uzaldýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Dünýäniň çempiony 2028 ýylyň aýagyna çenli «Red Bull» üçin çykyş eder. Werstappeniň «Red Bull» bilen häzirki şertnamasy 2023 ýylyň aýagyna çenlidi. Indi ol ýene bäş ýyl aňry süýşdi diýip, championat.com habar berýär.

«Şertnamanyň Maks tarapyndan 2028 ýylyň aýagyna çenli uzaldylmagy — onuň geljekki meýilleriniň hakyky beýanydyr. Häzir biziň bar aladamyz — Maksyň çempion titulyny saklamak. Ýöne bu geleşik, şeýle-de, onuň toparyň uzakmöhletleýin meýilnamasydygynyň hem bir bölegidigini görkezýär. «Red Bullyň» motor bölümi 2026 ýyl üçin täze düzgünlere laýyk işleýärkä, biz şol möwsümde badalga gözeneginde destiň başynda iň gowy sürüjiniň oturjagyna göz ýetiresimiz geldi» — diýip, «Red Bullyň» baştutany Kristian Horner belledi.

Täze şertnama boýunça Werstappeniň 40 mln ýewrodan 50 mln ýewro çenli hak aljakdygy barada ozal habar berlipdi.


09.06.2026 07:51
4.4k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....