Anna we şenbe günleri Türkmenistanda güýçli ýeliň öwüsmegine garaşylýar

  • 03.03.2022 19:38
  • 18k+

4-nji we 5-nji martda Türkmenistanyň hemme sebitlerinde diýen ýaly güýçli şemalyň bolmagyna garaşylýar. Onuň tizligi wagtal-wagtal sekuntda 22 metre ýeter diýip howa maglumaty gullugy habar berýär.

Anna güni Aşgabatda we Ahal welaýatynda ýeliň tizligi günüň ikinji ýarymynda artar. Sagat 14.00-da şemalyň aňrybaş tizligi sekuntda 18 metre ýetmegi mümkin. Sagat 17.00-dan başlap günüň ahyryna çenli ýeliň güýjemesi sekuntda 21 metre baryp ýeter. Gije çabgaly-ýagynly bolup, şondan soň ýeliň bady peseler. Gündizine howa​ +21 derejä çenli gyzar.

Balkan welaýatynda ýeliň öwsüşi anna güni sagat 14.00-dan soň güýjäp ugrar diýip çaklanylýar. Ýeliň aňrybaş tizligi sekuntda 22 metre ýetmegi mümkin. Agşam güýçli ýagyn ýagmagyna garaşylýar, 22,5 mm ygalyň düşmegi mümkin. Gije sebitde ýel ýatyşar.​

Daşoguz welaýatynda şemal anna gününden şenbe gününe geçilen gijesi güýjär diýip garaşylýar. Ýary gije 1,5 mm ygalyň düşmegi mümkin diýip çaklanylýar. Şemalyň tizligi sekuntda 17 metre ýeter. Şenbe güni irden howanyň ýagdaýy aramlaşar, emma günüň ikinji ýarymynda şemalyň tizligi ýene artyp, sekuntda 20 metre çenli ýetmegi mümkin. Howanyň ýagdaýy gije düşmegi bilen kadalaşar.

Mary welaýatynda şemal günüň ikinji ýarymynda güýçlenip ugrar. Sebitde onuň tizligi sekuntda 18 metre ýeter diýip çaklanylýar. Howa​ +26 derejä çenli gyzar.

Lebap welaýatynda şemal anna güni irden güýçlenip ugrar. Ilkibada onuň tizligi sekuntda 16 metr töwerek​ bolsa-da, soň kem-kemden artyp,​ günüň ikinji ýarymynda tizlik sekuntda 21 metre baryp ýetmegi mümkin diýip çaklanylýar. Howanyň ýagdaýy ýary gije kadalaşar.​ 


16.03.2026 15:11
9.7k+

Türkmenistanda bu hepde howa durnuksyz boljak

16-22-nji mart aralygynda Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Howanyň maýlamagyna garamazdan, dynç günleri ýene bulutlaşyk bolar...

09.03.2026 15:25
16k+

Gijelerine -10 °C we sowuk şemal: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Bu hepde Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň berýän maglumatyna görä, käbir ýerlerde howanyň temperaturasy gijelerine -10 gradusa çenli peseler...

06.03.2026 19:12
104k+

Ýerasty çeşmelerden dury suw: «Sarwan» agyz suwunyň täze standartyny hödürleýär

Aşgabadyň agyz suwy bazarynda täze brend — «Sarwan» işe başlady. Kompaniýa artezian suwuny çykarmak we tiz eltip bermek hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. «Sarwan» suwy çuň ýerasty artezian çeşme guýusyndan alýar. Şeýle çeşmäniň artykmaçlygy onuň tebigy filtrasiýasyndadyr: suw dag jynslarynyň dykyz gatlaklaryndan geçip, dürli garyndylardan arassalanýar we özüniň tebigy mineral düzümini saklaýar...

02.03.2026 09:55
11k+

Ygally hepde: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar...