Хякимы вышли на прямую видеосвязь с президентом с мест проведения сельскохозяйственных работ

  • 01.03.2022 09:23
  • 11k+

28-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň paýtagtynyň we welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda Aşgabady hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň hem-de owlak-guzy möwsüminiň barşyna garaldy.

Bu gezekki iş maslahaty adatdakylardan tapawutly boldy, ýagny sebitleriň ýolbaşçylary oba hojalyk işleri alnyp barylýan ýerlerden türkmen Lideri bilen göni aragatnaşyga çykdylar. Hususan-da, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanyndan, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew Serdar etrabynyň «Goç» daýhan birleşiginden, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň “Zehin açary” daýhan hojalygyna degişli meýdanda ýazlyk ýeralmanyň ekişine girişilmeginiň bellenilen ýerinden, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew Çärjew etrabynyň «Amyderýa» daýhan birleşiginden, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew Sakarçäge etrabyndaky «Maldar» maldarçylyk hojalygyna degişli sürüden sanly ulgam arkaly göni aragatnaşyga çykdylar. Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow bolsa Arçabil şaýolunyň ugrundaky “Abadançylyk” binasynyň ýanyndan göni aragatnaşyga goşuldy.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp: «Biziň esasy maksadymyz azyk bolçulygyny pugtalandyrmakdan, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmekden ybaratdyr» diýip bellemek bilen, her bir ýolbaşçynyň özüne ynanylan wezipäni ýerine ýetirmäge örän jogapkärçilikli, yhlasly we päk ýürekden çemeleşmeginiň möhüm talapdygyny belledi. Şeýle-de türkmen Lideri Daşoguz welaýatynda ýazlyk ýeralmanyň ekişine ak pata berdi.


11.05.2026 22:55
970

Сумма валютных сделок на торгах ГТСБТ превысила $11 млн

На минувшей неделе на торгах Государственной товарно-сырьевой биржи Туркменистана (ГТСБТ) было зарегистрировано 17 сделок, сообщает TDH....

06.05.2026 20:34
10k+

Представители Zaha Hadid Architects примут участие на форуме «Белый город Ашхабад 2026»

Представители архитектурного бюро Zaha Hadid Architects, как ожидается, примут участие в 25-й Международной выставке и конференции «Белый город Ашхабад 2026», которая пройдёт 24–25 мая в столице Туркменистана.......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Посол Туркменистана провёл переговоры с главой Союза палат и бирж Турции

1 мая посол Туркменистана в Турции Мекан Ишангулыев провёл встречу с председателем Союза палат и бирж Турецкой Республики Рифатом Хисарджыклыоглу. Стороны обсудили перспективы расширения торгово-экономического......

03.05.2026 12:23
8.2k+

​Глава Халк Маслахаты ознакомился с ходом возведения мечети и музея в Аркадаге

​2 мая председатель Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедов посетил город Аркадаг, где детально ознакомился с ходом возведения мечети и сопутствующих объектов в рамках второй очереди застройки....