Berdimuhamedow Ärdogany doglan güni bilen gutlady

  • 26.02.2022 16:54
  • 6.4k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberip, türk kärdeşine özüniň iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.  

Türkmen Lideri gutlag hatynda Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň türkmen-türk doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli çuňlaşdyrylmagyna berýän uly goldawyny hem-de şahsy goşandyny aýratyn belläp:

«Biz Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky uzak möhletleýin hem-de strategik häsiýete eýe bolan gatnaşyklara uly üns berýäris we hormat bilen garaýarys hem-de olaryň geriminiň giňelmegi ugrunda tagallalarymyzyň birleşendigine buýsanýarys» diýip nygtady.


01.07.2025 19:48
9.7k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (30.06 - 06.07)

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +33 ... + 35 gradusdan +39 ... +41 gradusa çenli yssy, gijelerine +22 ... +24 gradusdan +25 ... + 27 gradusa çenli maýyl bolar. Ahal welaýatynda wagtal-wagtal açylýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +31 ...

01.07.2025 13:52
1.3k+

Türkmenistanda “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

“Watan” gazetiniň redaksiýasy hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli eziz Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan...

30.06.2025 19:40
13k+

Jessika Linniň ýolbaşçylygyndaky amerikaly kantri-rok topary Aşgabatda iki sany konsert bilen çykyş eder

Amerikan sungat ussady Jessika Linniň ýolbaşçylygyndaky kantri rok žanrynda çykyş edýän aýdym-saz topary 2025-nji ýylyň 2-7-nji iýuly aralygynda Türkmenistana sapar bilen geler. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, saparyň dowamynda Aşgabatda konsert bilen çykyş eder...

30.06.2025 18:26
11k+

Ay Yola, Simge, Edis we beýleki dünýä belli aýdymçylar Arkadag şäherinde konsertde çykyş etdiler

29-njy iýunda agşam “Arkadag Binasynyň” öňündäki baýramçylyk meýdançasynda Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygyna bagyşlanyp ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan we Başgyrdystan Respublikalaryndan, Türkiýeden, Özbegistandan gelen ussatlaryň ýerine ýetiren aýdymlarydyr tanslary tomaşaçylar üçin baýramçylyk sowgady boldy...