Türkmenistan saýlawlary geçirmekde BMG bilen tejribe alyşýar

  • 25.02.2022 16:09
  • 6.3k+

24-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Syýasy we parahatçylyk gurujylyk meseleleri boýunça departamentiniň saýlawlaryň geçirilmeginde ýardam bermek boýunça bölüminiň Direktory Kreýg Jenness bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň çäklerinde türkmen tarapy K.Jennesse şu ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyklar barada habar berdi hem-de nobatdaky saýlawlara taýýarlygyň çäklerinde bilelikdäki hereketleriň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. 

BMG-niň bu düzüminiň saýlawlara bilermenlik goldawynyň berilmegi, zerurlyklara baha bermek boýunça missiýalaryň geçirilmegi, şeýle-de saýlawlara gönüden-göni synçylygyň amala aşyrylmagy babatyndaky dünýäniň dürli künjeklerindäki ähmiýetli tejribesi bellenilip geçildi. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapyna bölümiň hususan hem saýlawlara taýýarlyk görmek wagtynda hem-de olaryň geçirilmeginde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasion çözgütleriň ornaşdyrylmagy babatyndaky işleriniň iň soňky gazananlary beýan edildi.


düýn 14:24
2.1k+

Türkmenistanyň we Nigeriň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

1-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Niger Respublikasynyň daşary işler, hyzmatdaşlyk we daşary ýurtdaky nigerlileriň işleri boýunça ministri jenap Bakari Ýau Sangare bilen telefon arkaly söhbetdeş geçirdi...

düýn 13:44
12k+

Şwesiýanyň kazyýeti MTS bilen jedelde, Türkmenistanyň peýdasyna karar çykardy

Şwesiýanyň Swea Apellýasiýa kazyýeti MTS kompaniýasynyň ähli talaplaryny ret edip, Türkmenistanyň peýdasyna karar çykardy. Şeýle hem kazyýet MTS-i Türkmenistanyň bu iş boýunça kazyýet çykdajylaryny ödemäge borçly etdi...

düýn 13:28
1.1k+

Raşid Meredow Burkina Fasonyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Burkina-Fasonyň Daşary işler, sebit hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlardaky burkinalylaryň işleri boýunça ministri jenap Karamoko Žan-Mari Traoreniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi...

01.07.2025 14:51
9.1k+

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň I ýarymy üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwri başlandy

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2025-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär. Telekeçiler pensiýa gatançlaryny 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda tölemelidirler...