Antarktidada howa rekord derejede maýlady

  • 14.02.2022 17:26
  • 17k+

Antarktidada Ukrainanyň “Akademik Wernadskiý” stansiýasy temperatura rekordyny hasaba aldy. Milli Antarktika ylmy merkeziniň Facebook sahypasynda habar bermegine görä, temperatura Selsiý boýunça +12,7 gradusa çenli ýokarlandy.

Adatdan daşary ýylama “Wernadskiden” demirgazykda ýerleşen King-Jorj adasyndaky beýleki Antarktika stansiýalarynda hem hasaba alyndy. Alymlar temperaturanyň ýokarlanmagyny “atmosfera derýasynyň” hadysasy bilen baglanyşdyrýarlar – bu atmosfera çyglylygynyň ýokary konsentrasiýasy bolan dar zolak bolup, ol tropiklerden ýyly howa massalaryny we çyglylygy Antarktida çalt geçirýär. Hadysa “dag feniniň” täsiri bilen hasam güýçlendi. “Dag feni” diýlip, daglardan gelýän ýyly şemala aýdylýar.
Mundan öňki rekord 1985-nji ýylda hasaba alyndy, şonda temperatura Selsiý boýunça 11,7 gradusa çenli ýokarlandy. Alymlar howanyň üýtgemegine subutnamalaryň biri bolandygy sebäpli, şeýle temperatura rekordlarynyň alada goýýandygyny bellediler.


24.03.2026 07:08
3.7k+

BMG: 2025-nji ýyl soňky 176 ýylyň içinde iň yssy ýyllaryň biri boldy

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýyl taryhda iň yssy ýyllaryň biri bolup, bu görkeziji boýunça ikinji ýa-da üçünji orunda durýar. Ýer ýüzüniň ortaça temperaturasy senagatdan öňki 1850–1900-nji ýyllar aralygyndaky derejeden takmynan 1,43 dereje ýokary boldy...

23.03.2026 05:25
4.4k+

ABŞ-da mart aýy üçin rekord derejedäki yssy hasaba alyndy

ABŞ-nyň günorta-günbatarynda howanyň temperaturasy adatdan daşary derejä ýetip, ozalky iň ýokary görkezijileri täzeledi. Bilermenler sebitdäki mart aýy üçin rekord derejedäki bu jöwzany global howa üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar...

19.02.2026 10:39
9.8k+

Fransiýada 36 gün bäri dynman ýagan ýagyş taryhy rekordy täzeledi

Fransiýada ýagynly günleriň dowamlylygy boýunça taryhy rekord hasaba alyndy. BFMTV teleýaýlymynyň habar bermegine görä, ýurtda 15-nji ýanwardan bäri, ýagny 36 günläp yzyny üzmän ýagyş ýagýar. Howanyň ýaramazlaşmagy bilen 17-nji fewralda dört sany departamentde sil gelme ähtimallygy zerarly iň ýokary — "gyzyl" derejeli howp yglan edildi...

18.02.2026 09:22
4.4k+

2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulmasy boldy. Bu hadysany Ýer ýüzünde bary-ýogy sanlyja adam gördi

17-nji fewralda Antarktidada 2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy hasaba alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 16:44 töweregi Aý Günüň merkezi bölegini doly örtüp, onuň diňe gyralarynyň görünmegini, ýagny "otly halka" täsirini emele getirdi...