Türkmenistanda iri kompaniýalary döretmek işine goldaw berler

Türkmenistanda iri kompaniýalary döretmek işine goldaw berler

Türkmenistanda iri kompaniýalaryň döredilmegi boýunça işler döwlet tarapyndan goldanylar. Bu barada «Garaşsyz döwletimiz milli ykdysadyýetimiziň hereketlendiriji güýçlerinden biri bolan telekeçiligi geljekde hem hemmetaraplaýyn goldar» diýip, 11-nji fewralda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmen Lideriniň maksatnamalaýyn çykyşynda bellenilişi ýaly, şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, innowasion ýagdaý üçin ähli amatly şertler dörediler. Şeýlelikde, biz köp girdeji alarys we maýa goýumlary öz wagtynda gaýtaryp bileris.

«Geljekde bazar gatnaşyklarynyň täze ugurlary kesgitlenip, ykdysady ösüşiň mümkinçilikleri dörediler. Biz innowasiýalara esaslanýan işewürligiň täze görnüşleri bolan iri kompaniýalaryň döredilmegini hem goldamalydyrys» diýip, döwlet Baştutany sözüniň üstüni ýetirdi.