«Çelsi» «Palmeýrasy» ýeňip, Klublaýyn dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy

  • 13.02.2022 10:35
  • 6.9k+

Angliýanyň «Çelsi» futbol kluby futbol boýunça klublaýyn dünýä çempionatynda ilkinji gezek ýeňiş gazandy. Final duşuşygynda «Çelsi» Braziliýanyň «Palmeýras» kluby bilen duşuşdy. Duşuşyk Abu-Dabi şäherinde geçirildi.

Oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. Goşmaça wagtda iňlisler öňe saýlanmagy başardylar. «Çelsiden» gollary Romelu Lukaku (55-nji minut) we Kaý Hawers (117-nji minut), «Palmeýrasdan» Rafael Weýga (64, pen.) geçirdi.
«Çelsi» 2021-nji ýylda Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. «Palmeýras» bolsa Libertadores Kubogynda ýeňiş gazandy.


şu gün 13:51
6.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.2k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......